gadayka
21.02.2024 15:42

Näme üçin diňe adam söýüp bilýär





Jogaby:Söýgi barada halk arasynda dürli rowaýatlar döräpdir. Şol rowaýatlaryň birinde Ýer ýüzüniň ähli janly jandarlaryň üstüne göze görünmeýän bir dert inýär. Bu dert örän ýakymly hem şeýle lezzetli duýgy bolsa-da onuň ýüküni hiç bir janly jandar öz üstüne alyp bilmändir. Olar bu ýüki çekerden ejiz gelipdirler. Dagam, daşam, deňiz-derýa-da çekip çekip bilmändir, hatda asmanam bu ýüki göterip bilmändir. Ol derde uçran her bir janly jandarlar janyna jaý tapman, bagyryp çöle çykypdyrlar.Bu ýüki hatda Ýerem göterip bilmän lerzan bolupdyr. Bu barada bir goşguda:


Keşt eýleýip gezdim yşkyň dagynda,

Ne beladır kimse çeker bu derdi.

Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,

Gök titreýip çeke bilmez bu derdi.



Iň soňunda adam ogly bu derdi öz boýnuna alýar:


Gaşdy derýa adam almyş boýnuna,


Dört müň ýyllap çekip gelmiş bu derdi.



Kerim Gurbannepesowyň "Söýgi näme" atly goşgusynda söýgüniň ýüzüne sezebar bolan jandarlar barada gidýär ( gynansak-da bu goşguny doly tapmadym).


Gadymy wagtlarda bu ýüki garganyň boýnuna berilmezden ozal garga aklygy bilen tanalýan eken. Söýgi ýüki berilenden soň gara bolup galypdyr.


Söýgüniň ýüküni serçä bermezden ozal Ýer ýüzüniň iň uly guşy eken. Söýgi ýüki berilenden soň bolsa ol ýüki duçar bolup iň kiçi guş bolup galypdyr.



Häzirki wagtda gynansak-da söýgiýniň gadyry bilinmeýär. Ýogsam söýmek söýülmek gaty gowy, üýtgeşik zat. Diňe adam söýüp bilýär, diňe adam söýülip bilýär. Bu döwürde ýüküde odiýen agyr däl, ýüki ýok diýemok bar. Bolmanam gowy zada kynçylyk bilen barmaly şol zadyň gadyryny biler ýaly.

24
104
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.