ilhano_va
21.02.2024 00:30
Eger onuň göwnün ýykjak bolsaňyz,
Ýalandan ýykmaň.
Çyndan ýykyň,
Gaýdyp dikelmez ýaly.
Arzuwyn, umydyn ýakjak bolsaňyz,
Köredip goýmaň,
Kül ediň,
Uçgunam döremez ýaly.

Şatlanan gününde üýşüp daşyna,
Gussa bürenende,
Gaçyň-da,
Geçiň siz,
Kalbyňyz goraň.
Ol ýeke-de çeker, asla basylmaz,
Derdi elemden.

Onuň betbagtlygy size bagt berip,
Gussa çoýsa ruhunyň barlygy.
Ruhy guluňyz,
Ýok edip ony.
Ýedi gat Zeminiň astyna gömüň,
Dirilmez ýaly.

Ýöne welin indi galp sözler bilen,
Iki dünýäň dälisine öwürmäň.
Başarmasaňyz-da
Pursat dörediň,
Ýaşary ýaly.

Maksatmyrat Çaryyew
25
88
manolya
21 Fewral 2024
ilhano_va
21 Fewral 2024
@mawy, 🤭🤭
manolya
21 Fewral 2024
@ilhano_va, bolya🤥 arkaýyn bol
ilhano_va
21 Fewral 2024
@mawy, 🤫🤫aýdaýma
manolya
21 Fewral 2024
@ilhano_va, 🤦😂😂
ilhano_va
21 Fewral 2024
@mawy, 😂😂😂elimde dura agzymda dälä 😂
manolya
21 Fewral 2024
@ilhano_va, agyrarda haçan görseň eliňde şokalat😁
ilhano_va
21 Fewral 2024
@mawy, agyrýaram 😁😁
manolya
21 Fewral 2024
Şokalat köp iýme dişiň agrar😅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.