Sakawlama
Özüniň başlangyjyny çagalyk döwründen alyp, has agyr we dowamly geçýän newrozlaryň biri logonewroz diýip atlandyrylýar. Newrotiki logonewroz amatly hem-de amatsyz geçişli bolup
bilýär. Eger birinji ýagdaýda gürleýşiň geçip gidýän bozulmalary barada gürrüň gidýän bolsa (aýratyn häsiýete eýe bolan), ikinji
ýagdaýda gürleýiş näsazlygyndan başga-da, keseliň giňişleýin suratlandyrylyşyny düzýän köpsanly newrotiki bozulmalar bolýar. Şu ýagdaýlarda logofobiýalara (gürleýiş gorkusy) we gürleýşindäki ýetmezçilige şahsyýetiň garaýşy esasy orun tutýar. Şeýle-de bokurdakda ses çykaryş agzalarynyň zeperlenmesinde sakawlama duş gelýär.
Tapawutlandyryş kesel kesgidi nerw ulgamynyň irki zeperlenmesi sebäpli dörän newroza çalymdaş sakawlama bilen geçirilýär.
Bejergi toplumlaýyn, lukmançylyk-pedagogiki usul bilen geçirilýär. Psihoterapiýa, antidepressant derman serişdeleri bellenilýär.
Çagalar hassahanalarynyň logoped bölümlerinde, çagalar saglyk öýlerinde we şypahanalarda sakawlamanyň irki döwründe başlanan bejergi oňyn netije berýä