loona_girl
20.02.2024 13:40
Durmuş nirä barýar ozümem haýran,
İndi sadakalar moda bolup dur.
Berjek cörekleriniň suratyn goyup,
İntirnetde sanlarynyda ýazyp dur.


Durmuş nirä baryar özümem hayran,
Köp gyzlaryň ömürleri köýüp dur.
Öňler oğlan görse utanýan gyzlar,
İndi bolsa günde birin söýüp dur.


Durmuş nirä barýar özümem hayran,
Ýigitlerimiz özgä mähir berip dur.
Çagalaryň rysgyny başga iýdirip,
Hatda öz aýalyn erbet görüp dur.


Durmuş nirä barýar özümem hayran,
Söýgüni el yeter ýerde goyup dur.
Entäk hiç bir zady aňyp bilmeýän,
Çagalar hem ellerine alyp dur.


Durmuş nirä barýar diyerdim emma,
Adamlar üýtgese dünýa gowlanar.
Her kim bir ýagşylyk etseler belki,
Hemme zatlar gowluk bln soňlanar.


Awtor: Meňlibaýewa Aýjeren.
31
45
loona_girl
20 Fewral 2024
@okayjy, sagboluň 🙂 @mawy, hiclay gülüm sps 😘
manolya
20 Fewral 2024
👍🏻 geň görmäň postlary şu wagt okaýan ,gündiz elim degmedi okara )
okayjy
20 Fewral 2024
Indi sadakalar moda bolup dur...👍👍👍
loona_girl
20 Fewral 2024
@solty, gowy sn bamyň
solty
20 Fewral 2024
👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.