ilhano_va
20.02.2024 12:08
Legant eser» baýragyna hödürlenýär

Ümsümliğiň sesi

Goý diýseler,diýsin iki gelen ýok
Men sözlere däl-de duýga ynanjak.
Pioninañ sesi gelse bir ýerden
Bir wagt öz çalan sazlam agynjak.

Sümme tokaýlykdan tapýan özümi,
Elimde saýawan,gözlem uzakda.
Ṣol tanyṣ köçeden ýöräp barýaryn,
Barça ýer ṣeýle bir yssy gözüme.
Ruhum meni aldap bilmez asla-da
Uzyn-uzyn agaçlaryñ astynda,
Göm-gök otluk ýodajykdan ädimläp,
Baýryñ üstündäki öýüme bakýan.
Ol indi meñki däl,eýesi başga.

Emma neçüýn müñýyllyklar geçensoñ
Ruhum ala-böle öýüni idäp,
Awara bolup ýör,bilsedim käşgä
maksadyn.Tapsadym,özümiñ bilmän,düşünmän,
Gözläp ýören ýitigimiñ sebäbin.

Belki hut behişdiñ özüni taşlap,
Belki-de dowzahdan alyp izini
Dolanan köñlümi ne kowup bildim
Ne güldirip bildim onuñ ýüzüni.
Ruhuma diñ salsam,dymýar natuwan,
Bir zat ýatlaýan deý gözüni ýumýa.
Syrlary arz edip, sanaýan dogam
Ýollarda büdredi,dergähe ýetmän.

Gaýdýan dünýäñ depesinden düñderlip,
Suw diýip gaçanym batgalyk çykýa,
Pürs diýp ýapyşsam suwýylan çykýa
Ahyry sen çykýañ meniñ bagtymdan
Salgym azabyndan halas eden çyn!

Habar goşdum gözelligiñ dilinde
Düşünmediñ,başga dilde geplediñ.
Onsoñ menem seniñçeläp öwrendim
Bile awa gitdim daglara sary
Tüpeñiñden seçme bolup seçildim.
Bir wagt wasp eden gözelliklermiñ
Gursagyna ajal bolup sünjüldim.
Ýenjildim içki ses zenzelesinde,
Şondan bäri hiç günüme goýanok
Heññamlardan dönen bimaza ruhum.

Birmahalky öýüm bilen birzatlar
Habar bermek islän ruhumy diñläp,
Pikirlermiñ sargysyny sypyrdym,
Boşatdym zyrjyrdan duýgularymy.
Ýatyrkam,oýakam,gezmeläp ýörkäm,
Söhbetlerde,jedellerde düşlämde,
Manzara syn edip göwün hoşlamda,
Doga-dileglermi sanadym ýördüm...

...Aldamaýan bolsa syzgyrlyk eger
Boş ýere däl ruhumyñ ýol sökeni.
Garşy gidip ýüregimiñ emrine,
Ykbalymy ýaşamaýan ekenim
23
52
ilhano_va
21 Fewral 2024
@mawy, nesip bolsa elmydama:)
manolya
20 Fewral 2024
Gowy goşgylar okaýar ekeniň ))bizede ýetirip dur )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.