awgust
20.02.2024 11:49
Ykbal maňa, men ykbala kejigen,
Sen ýok, asla ýaýramady geçilem.
Uzak gije goşgy ýazyp geçiren,
Günlem seň üçin!

Wagt ýüwrük,per berenok peyläre,
Özümi tutmadym bagtsyz bigäne.
Şol çolanan, başymdaky öýmäme,
Güller seň üçin!

Ýyllar arkasynda gör, seni bukýar,
Gussaň gujagynda sensiz hopukýan.
Öpüp gulagyma çawuşyn çakýar,
Ýeller seň üçin!

Jismimde jan barka, gursakda umyt
Ynam ýaranymdyr,Ylhamym dury.
Ynan, seni küýsäp ýazdym men muny,
Seň üçin!


Awtory: Çynar Myradowna
#Awgust güli Ç.M (Özüm)

20.02.2024
34
121
awgust
8 Mart 2024
@kyas, Dogry...
kyas
8 Mart 2024
@awgust, per bermeýşi maý, apaý oña düşündim bu sözleri menin şiwämde köp ulanylýar. Peýlemegede çykaryna peýläp. Köplenç gözegçilik eden ýaly, peýlåp bardy, umuman manysy giñ düşündirjek bolsañ
awgust
8 Mart 2024
@kyas, Hawa.Sag boluň, minnetdar!
awgust
8 Mart 2024
@kyas, Wagt ýüwrük per berenok peyläre- Manysy: Wagt ýyndam bolanlygy ün ol bize tutdyranok (maý berenok)
kyas
8 Mart 2024
@awgust, jism men bir klassik şahyrlarda okanym ýadyma düşdi. Üstünlik! Goşgyña berekella! Goşgy ýalñyzlykda gowy duýgular bilen 6ugrulýar
awgust
8 Mart 2024
@kyas, Jism- wujud, beden.... Hawa, uzakda!
ATOMIC
8 Mart 2024
Tùrklerdede bar vicut
kyas
8 Mart 2024
Wujud arap pars dili
efsane_tm
8 Mart 2024
@kyas, wujud diyp ozbek dilinda bar beden diymek
kyas
8 Mart 2024
S harpa derek d gidipdir düzedip okarsyñda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.