gokgi
19.02.2024 19:49
Ejemi küýsän wagtym onuñ didaryny bir pursatlyk görmek üçin ömür atly peşgeşden ýüz öwürmäge kaýyl bolýaryn.

Diñe ene bolan zenan enä düşünýär.

Ejemize müñlerçe gezek gaýtaladan sözlerimizi öz çagalarmyza gaýtalan wagtymyz öz ýalñyşlyklarymyza düşünýäris.

Gün-günden ejeme meñzäp barýanlygym üçin garrylyga alyo barýan ykbalyñ öñünde baş egesim gelýär.

Ejemiñ düýşüme giren güni özümi arkaly we bagtly duýýaryn.

Ejäniñ alkyşy - ykbalyñ ýalkawydyr.

Ene - perzendiñ hiç haçan ynjalmajak gorag perişdesidir.

Ene - ýoklugyna ynanyp bolmaýan melekdir.

Göwher Hallyýewa
25
62
yurek
20 Fewral 2024
Allajan ejelermiz uzak uzak yasasyn! Yer yuzunde eneler yaly pak niyetli adam yok bolsa gerek!
flowers_
20 Fewral 2024
@gokgi, öñem görüpdim👍
gokgi
20 Fewral 2024
Suratam açyp görüñ!!!
flowers_
19 Fewral 2024
"Ene- perzendiniñ hiç haçan ynjalmajak gorag perişdesidir"👍❤
flowers_
19 Fewral 2024
"Gün-günden ejeme meñzäp barýanlygym üçin garrylyga..."👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.