Zaýalanan fotolenta.
Fotografiýa sungaty bln meşgullanýan bir gyz agşamara we daň säherde tokaýyň üstünde şapagyň emele gelşiniň suratyny almak ucin tokaýyň jümmüşüne syýahata gidip, şol ýerdede ýeke özü gijesini geçirmegi ýuregine düwüpdir. Ol öňem bir nace gezek dağlara cöllere sähralara ýekelikde syýahat edip ýörendigi sebapli gije tokaýda galmakdan dynnym ýalyjagam diýmeýan ekeni. Ol iňrik garalmanka tokaýa baryp göwün isleýşi ýaly tokaýda agşam şapagynyň agaclaryň otlaryň çeşmejigiň suratyny alyşdyrypdyr. Gün ýaşandan soň bolsa çadyryny gurupdyrda naharyny edinip ýatypdyr. Ertesi günem ir bln turup, säher şapagynda tokaýyň suratyny alyp dört tegek lentany suratdan doldurypdyr. Emma hacanda suratcy gyz öýüne gelip düşüren suratlaryny cykaranda el heder almakdan ýaňa onuň yüreği agzyndan çykara gelipdi. Dört tegek lentanyň hemmesiniňem iň soňky kadrynda gijäniň içinde onuň özüniň parahat uklap ýatan suraty bar eken.
Gijeki myhman.
Ýaş gyz ýary gijeden soň oyandy däliziň alys cüňkündäki iş otagyndan nahilidir bir düşnüksiz hem ýakymsyz çybşyldy eşidilýär. Ol oýaly ukuly halda ýatagyndan turduda aýak ýalaňaclygyna şol tarapa ugrady. İş otagyna girendede otagyň ortarasynda aýbogdaşyny gurup iki yana yraň atyp oturan bir merhum kakasyny görüp zordanjyk çirkin ses bln gyýgyrman saklandy. Hacanda kakasy ýerinden turup hemişeki oturýan kürsüsine geçende bolsa ol özüniň nadip gözlerini pugta yumup ulyil bln gyýgyryp başlandygynam duyman galdy.