lavinya_
18.02.2024 12:35
Ýene geleňsizlik golun bulaýar,
Erkimiň ýüpini göýberdi ellem,
Pikirleň atyzny şor alan ýaly,
Dereksiz zatlara agyrýar kelle.


Ýylysy ýok ýokumy ýok durmuşyň,
Men buzlary ýorgan edip ýapynýan,
Derdimi , halymy sorama , dostjan,
Soňky wagt şowsyzlykdan bukulýan.


Ah - eý men guraýyn , men şol ýel ýürek,
Täleý bilen tersleşen telbe men,
Geljek hakda ähli eden arzuwlam,
Bagtymyň ters tarapyna ýelmenen.


Ömür geçýär bilmen haçan soňlanar,
Ýapraklary gurap barýar bagymyň,
Hany men ?, hany sen?, tapamok heniz,
Bukjak bolýan saçlarymyň çalyny .


Ýalňyzlygyň gurrasy ýok, tebip ýok,
Menzillerem ýetdirerden alysda,
Mana ýakyn gelmäň ýurekdeşsyrap,
Men hakyky ýürekdeşe garaşjak.


Şatlyk mukamyny çalýan sazanda !,
Şu gün bir meň üçin ýaňlansyn owaz,
Düzüw okaýanlar okasyn doga,
Hyýallarym bilen ruhymy dolap,
Âkidiň müdimi , iteriň gowa.


Öli ýaly ýaşap ýören dirikän,
Ol barybir maňa meňzeş biri däl...


Awtor: Baýram Bejidow.
28
46
okan
18 Fewral 2024
👍👍👍👏
manolya
18 Fewral 2024
💙
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.