flowers_
17.02.2024 23:10
SAŇA DUŞUP.


Saňa duşup, dünýä bilen alyşdym.
Saňa duşup, gorkýan boldum ölümden.
Gijeleri gündiz bilen çalyşdym,
Şondan başga zat gelmedi elimden.

Sag gulakdan girdi serime adyň,
Çep gulakdan çykyp gitdi huş onsoň.
Ýitdi ýörär ýolum.
Gowam bolaýdy!
Çünki uçýan boldum saňa duşamsoň.

Bilmen, ozal niçik ýetdi takadym?
Gelen çagyň many tapdy demlerim.
Goşarymda pytrap gitdi sagadym,
Dessemi ýok indi dähedemleriň.

Geldiň — süňňüm onkiligne ýetirdiň,
Çep gursagym halas boldy yzadan.
Saňa duşup, öňküligmi ýitirdim,
Şükür, indi bolup barýan düz adam.

Saňa duşup, boldum baky diri men,
Näçe menzil bolsa ýetiler indem!
Ýöne welin gorkýan, kimdir biriniň
Öňki meni tapyp getirerinden.




Mukam MUHAMOW.
37
55
Arslan_Alaýew
17 Fewral 2024
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.