Bio_girl👩‍🔬💫
17.02.2024 19:48
Ösümlikler hakynda gyzykly maglumatlar🌹⚘️

☘️Bambuk agajy her gije-gündizde ençeme santimetr ösýär.

☘️Braziliýada süýt agajy bar. Şol agaja tyg degirseň, ondan süýt syzylyp başlaýar. Ondan her gezekde 4 litre çenli süýt alyp bolýar. Ony suwa garyp, otda gaýnadyp içýärler.

☘️Polineziýada ysmanak agajy ösýär. Onuň ýapraklaryny iýmit üçin ulanýarlar.

☘️Dünýädäki iň ýogyn agajyň diametri 8 metre barabar. Kaliforniýada ösýän şol agaç dünýädäki iň beýik daragt hökmünde hem bellidir.

☘️Bir daragtdan ortaça 170 müň galam ýasap bolýar.

☘️Dub, sosna, arça agaçlaryny köplenç ýyldyrym urýar. Derek agajyny b o l s a hiç wagt ýyldyrym urmaýar.

☘️Ýer ý ü z ü n d e ösümlikleriň 375 müňüsi bar. Olaryň 250 müňüsi gülli ösümliklerdir.

☘️Günorta Afrikada ösýän käbir ýabany injirleriň köki 120 metre çenli çuňluga uzalyp gidýär. Munuň özi 30 gatly bina barabardyr.

☘️Bir daragt ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod öndürýär. Ol 3 adamdan ybarat maşgala bir ýylyň dowamynda ýeterlik bolýar.

☘️«Ceratonia» ady bilen belli bolan ösümligiň hemme tohumlarynyň agramy bir meňzeşdir (0,2 gram). Şonuň üçin gadymy döwürlerde zergärler ony çekuw daşy hökmünde ulanypdyrlar. Şol ölçeg birligi karat diýlip atlandyrylypdyr

☘️Dünýädäki iň uly kaktus «saguaro» diýlip atlandyrylýar. Ol Meksikada we ABŞ-nyň Arizona ştatynda ösýär. Onuň beýikligi 15 metre, agramy 10 tonna ýetýär.

☘️Maglumatlarda aýdylyşy ýaly, dünýäde kömelegiň 2 million töweregi görnüşiniň bardygy hasaba alnypdyr.

☘️Her bir kömelegiň düzüminiň 90 götermi suwdan ybaratdyr.

☘️Dünýäde ilkinji antibiotik (penisillin) kömelekden alnypdyr.

☘️Dünýädäki iň gadymy ösümlik deňiz suwotularydyr. Olaryň bardygy müň ýyl bäri bellidir.

☘️«Arabidopsis» kosmos giňişliginde güllän ilkinji ösümlikdir. Ol Russiýa Federasiýasynyň «Salýut-7» kosmiki bekedinde idedilip, şol ýerde hem gülläpdir.

☘️Adam öz ömrüniň dowamynda medeni ösümlikleriň 1500 görnüşini ulanýar.

☘️Amazonkada duş gelýän suw liliýalary ýapraklarynyň ululygy bilen tapawutlanýar. Ýapraklaryň her biriniň ölçegi 2 metre ýetip, olar hatda çagajygy hem götermäge ukyplydyr.

☘️Hytaýyň günortasynda duşýan bambuk agajynyň bir görnüşi çalt ösýänligi bilen tapawutlanýar. Bir aýyň dowamynda onuň beýikligi 30 metre barabar bolýar.
40
88
2007bet
17 Fewral 2024
👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.