flowers_
17.02.2024 18:25
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR.



▪︎Her kimiň kalbynda öz Hudaýy bolmaly.

▪︎Özüňe däl, iş salyşýanyňa näme gerekdigini öwrenmeli.

▪︎Goşgyny şahyr däldigiňi bilýänçäň ýazybermeli.

▪︎Guba düýe berip, kitap alýan azmy, kitabyny alar ýaly — şahyr?!

▪︎Akar suwuň öňüni arçaşdyryp goýbermegem — sogap.

▪︎Halkyňy öz beýik işleriň bilen beýgeltmeli.

▪︎Kesel bilen tutluşaňda, özüň lukmanyň tarapynda bolmaly.

▪︎Duşmanyňy dostunyň ýanynda öwmeli.

▪︎Oňat sazanda aýdymçy küýsedenok.

▪︎Parany zorlap däl, horlap alýarlar.

▪︎Egri ýoldan dogry ýöräp bolanok.

▪︎Adamyň ganaty — göwnünde.

▪︎Diňe ekin meýdanyny däl, edebiýat meýdanyny hem hapa-haşal otlardan arassalap durmaly.

▪︎Pikir beýniň ýüküdir, ony ýazdyrman ýatsaň, gara basyp oýanarsyň.

▪︎Gursagyň dar bolsa, dünýäň giňliginiň haýry ýok.

▪︎Bir oňat iş etmedik günüňi köýdi bil.

▪︎Eňňeräniň öň ýanynda ýygnalýan terne-türneleredir gawun-garpyzlara “läşeki” diýilýänini bilýärmiň?

▪︎Ýeke agajy ýel ýykar.

▪︎Ýokaryk dyrmaşmaýanyň aýagyndan aslyşanoklar.


Atajan ANNABERDIÝEW.
27
58
flowers_
17 Fewral 2024
"Gursagyñ dar bolsa, dünýäñ giñliginiñ haýry ýok" ❤
flowers_
17 Fewral 2024
"Adamyň ganaty- göwnünde" ❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.