lavinya_
17.02.2024 14:50
Üstünlige ýeňil ýetjek bolýas biz,
Ýaşamasy juda agyr dünýäde .
Onsoň çalt sargaryp,çakgan solýas biz
Çyn sözi juda az
wagyr dünýäde.


Gümanly ýaşasaň - bolarsyň küpür,
Herniçik , etmeli baryňa şükür,
Dymsaň - a samsyksyň , gürleseň - pökür
Ýok zada etmeli sabyr dünýäde.


Aýna däl , kalbyna seretsin her kim,
Dünýä gözel
bolsa göwnüňde görküň
Ýaşap başarmadyk özünden görsün,
Ýaşanyňa degýän nebir dünýede.


Göwün gulpdyr , açarydyr öwgüler,
Dost bolmagy başarsaňam döw bilen,
Degmäň,
degmäň,
degmäň ynsan göwnüne,
Ahyrky pillesi gabyr dünýäde.


Awtor: Aşyrmät Garly
29
24
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.