Aramyzda täze agza we täze zehin @melodie_me -den size:))
"Hakyky söýgi näme?" diýemde "Bir bakyşda söýgini" meselem getirýänler aramyzda az däl. Bu düşünje köp adamy ynandyrmak bilen, olaryň gursagyndaky "şol söýgä duşsam" diýen arzuwlaryny artdyrmagy başarýar. Eýsem iñ ýalan söýgüleriñ biri şoldygyny bu jümläniñ özi hem subut edenokmy?! Munuñ diñe 'garşy tarapyñ gözelligine aşyk bolmaklykdygyny. Bir bakyşda söýgi, ýagny, gözellige bolan söýgi şeýle bir ynandyryjy welin adamlar onuň täsirinde özünden ýitiren, unudan, ýüz öwüren zatlarynyň sanynda ýalňyşmaklary ahmal. Munuň şeýledigi birnäçe eserlerde öz beýanyny tapýar. Meselem Romeonyñ hem Juliettiñ gözelligine bolan söýgisi oña ilkinji söýgüsini unutdyrýar. Ýogsa ilkinji söýgi hiç haçan ýatdan çykmaýanlaryñ biri dälmidir?!
Siziň pikiriňizçe haýsy söýgi has dogry? Bugün postumyzda edil soňky 100 ýyllykda döwlet we dowletleň arasynda, ynsan we ynsanlaryň arasynda, duýgular we akylyň arasynda deňeşdirme gidişi ýaly, "bir bakyşdaky söýgi" we "ilkinji söýgi" deňeşdirilýar. (Aramyzda bir bakyşda söýen we ol söýgi ilkinji söýgüsi bolan adamlar bu soraga jogap bermekde oýlanjaklaryna şüphäm ýok:-D)