flowers_
17.02.2024 06:41
Meşhur alymlar barada 20 fakt.


1) Döwülmeýän aýna Eduard Benediktus tarapyndan oýlap tapylypdyr hem-de bolan waka duýdansyz bolup geçipdir.

2) Amerikaly astronomyň Ýujin Şumeýkeriň jesediniň küli Aýda ýatyr.

3) Meşhur Eýnşteýn öz golunyň satmak söwdasy bilen meşgullanypdyr.

4) Nils Bor futboly gowy gorýän eken.

5) Robert Çezbronyň işiniň başy kaşalotdan kerosin almak bilen synanşyp başlapdyr.

6) Amerika oýlap döredijisi Tomas Edison telekeçi hem bolupdyr.

7) Ylymyň meşgurlandyryjysy Stiwen Hoking diýip hasap edilýär.

8) Tomas Edison kömür sapakly gyzdyrma lampasyny oýlap döredipdir.

9) Hassalanan aýal maşgala elini degirmejek bolup Rene Laennek stetoskoby döredipdir.

10) Belli himik Dmitriý Mendeleýew örän üýtgeşik güýmenmesi bar eken. Ol çemodan döretmek halapdyr.

11) Meşgur Amerikan alymy Tomas Edison togyň täsiri bilen pili öldiripdir.

12) Belli alym Stiwen Hoking minutda diňe birje söz gürläp bilýär. Bu ysmaz sebäpli onuň ýaňagynda ýekeje myşsa hereket edýändigi bilen bagly.

13) Meşgur oýlap dörediji we alym Rudolf Dizel içki ýangynly hereketlendirijiniň döretmegi bilen belli bolýar.

14) Polşa alymy Mariýa Kýuri poloniý we radiý oýlap tapany sebäpli oňa Nobel baýragy berilipdir.

15) Amerikanyň alymlary erkekleriň köýnek ýakasy hemişe gysylyp durýan bolsa olaryň görüşi peselýandigini subut edipdirler.

16) Alymlar delfinlaryň atlary barlygy hakykaty subut edipdirler. Munda hem her kiçi delfiniň çagasy dogulanda öz adyna eýe bolýar.

17) Nils Bolryň giriş gapysynda elmydama nal asyk durýan eken.

18) Alymlaryň pikiri boýunça kimiň dişleri ak reňkde bolsa işinde üstinlik gazanýar.

19) 1869-njy ýylda Şweýsariýa alymy Iogann Fridrih Mişer DNK-ny açypdyr.

20) Aleksandr Borodin diňe meşhur himiki däl-de, kompozitor hem bolupdyr. Ol aýdym-sazyň taryhynda uly yz goýupdyr.



Taýýarlan: Akmuhammet GYLYJOW,
31
44
flowers_
17 Fewral 2024
@awgust, hawa)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.