ezizhan_hallyyew
16.02.2024 21:18
Eje saňa gül almadym
Onuň saňa geregi ýok
Bu gabyrlaň ýüregi bar
Emma ogluň ýüregi ýok


Bukmak üçin ýangynymy
Ak geýinip geldim eje
Sen öleňde seniň bilen
Bilseň menem öldüm eje


Diri güniň sada bolup
Bu dünýäni ulanmadyň
Bagyşla bu baýramyňa
Eje menä gül almadym


Inni, sensizligiň ejirleri kalbymda
Kän ýykyldym ony göterip bilmän
Soňky ýyllar kesel bilen göreşýän
Başlan işlerimi gutaryp bilmän

Noýabr gelse gözlem ýiteler
Eýe borun bir üýtgeşik güýje men
Ykbalyma sataşmady senden soň
Hiç bir ynsan seniň ýaly süýjelen


Ölmek üçin bahana kän dünýäde
Ýaşamak üçinem dürli usul bar
Derdime düşinen aglar içinden
Derdim duýup bilmez her bir musulman


Ähli zat balyk deý sypdy elimden
Tüketdiň iň soňky sabryma çenli
Eje, az bolsada saňa ýazanlam
Sen içimde borsuň gabryma çenli
35
62
gùl🦋__
16 Fewral 2024
🥀💫
loona_girl
16 Fewral 2024
👍👍👏👏💛
flowers_
16 Fewral 2024
👍👍
sabyrly
16 Fewral 2024
😔😔awtory kimkä haladym like
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.