Hello friends,
Iňlis dilini indi öwrenmäge başlaýanlarda köp duş gelýän mesele - dogry okap bilmezlik. Maňa sorag berýärler : "Mugallym, nädip okamagy ösdürip bolýar? Sözler ýazylyşy ýaly okalanok ahyry". Sorag diňe başlangyçlara däl, dili epesli bilýänlerede degişli. Eger-de şu mesele size-de degişli bolsa, siz şuny bilmeli:
1. Bir zady berk belläň, islendik zady owreneň-de, täzeden gaýtalap öwrenip bilseň aňsat owrenersiňiz. Şeýlelikde, iňlis dilinde günde azyndan 2 wagt gaýtalap okaň.
2. Her diliň öz fonetikasy bardyr. Ýagny her diliň özüne mahsus sesleri bar. Seslere başdan üns bermeli. Meselem, men Hytaý dilini bilemok, sesleri hem nätanyş. Biri hytaýça gepläp yzymdan gaýtala diýse men başarmaýan, sebäbi men sesleri bilemok.
3. Okap başlanyňyzda aňsat kitaplardan başlamaly, ýagny azynda 80% bilýän sözleriňiz bolmaly we gaýta-gaýta daşyňdan okamaly. Biraz özgertmeler görseňiz kynlaşdyryp bilersiňiz.
4. Okaýan wagtyňyz täze sözler gabat gelýärmi? Ählisini terjime etmek hökman däl, siziň maksadyňyz okamak.
Çeşme: English with Isgender