beghanym
16.02.2024 14:14
Awtory: Gülşirin HANOWA.

AGLAMA, GYZYM

«Bu bir dünýe, gelen geçer,
Ha şatlyk, ha gussa seçer.
Bolýandyr beterden-beter,
Aglama, gyzym!

Hemme zadyň hasaby bar,
Takdyryň öz hesibi bar,
Ýazgydy bar, nesibi bar,
Aglama, gyzym!

Şükür et sag bolsa janyň,
Alajy tapylar malyň.
Gyýylsaň agyr bor halym,
Aglama, gyzym!

Bardyr saňa mende ynam,
Bir Haka, özüňe ynan,
Diýselerem şahyr ýanan…
Aglama, gyzym!

Şowhuny ýatmasyn törüň,
Şol seni apalap ýörün,
Ýene düýşleriňe gerin,
Aglama, gyzym!

Dost-dogan bolsa mydama,
Köp zat gerek däl adama.
Özüňi aýa, ýadama,
Aglama, gyzym!

Hasam gözel bolýaň gülseň,
Ýüregim ot alar solsaň…»
…diýerdi ejem jan bolsa,
«Aglama, gyzym!»

 

Ýylgyr eje, ýylgyr eje!

Arzuwlarmyz hasyl boldy,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!
Meniň bar umydym şoldy,
Ber şatlykdan bulgur, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Dünýämi gül büredi, gör,
Umma gitdi hasrat hem şer.
Gülýän göwnüme ganat ber,
Gel, golumdan galdyr, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Asman melegi mysaly,

Gülkiň gülleýşiň nyşany,
Näme bolsa bolsun pany,
Gülseň dünýäm güldür, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Bulut deý dagydyp derdim,
Billerime kuwwat berdiň.
Gözleriňde gussa gördüm,
Sen arkaýyn bolgun, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Ykbal käte alçy sülýär,
Joşup-joşup bahar gelýär.
Erte ne bor, Hudaý bilýär,
Ömür inçe gyldyr, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!

Başym sypap bilmeseňem,
Jak-jak urup gülmeseňem,
Düýşde kalbym dilmesene,
Indi niçe ýyldyr, eje,
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje!
***
Geçip gyşy ýazyndan,
Iki perzendiñ yzyndan,
Ejem janyñ özünden,
Arzuw alyp bar boldum.

Geçdi ýigrim bir ýazym,
Öçdi ömrümiñ sazy,
Istedi «Adyl kazy»,
Ölüm düşdi, zar boldum.

Didelem süzüljekden,
Derdinsem gülünjekden,
Hä diýmän ýolunjakdan,
Bek dartylmyş tar boldum.

Geçer, geçer-le barsy,
Ýaşalman ömrüñ ýarsy.
Sag baky, sol panysy,
Aralykda hor boldum.

Añym-mañyma bakman,
Otlap goýberdi ykbal.
Aslym ýuwandy, ahmal,
Gaýnap-gaýnap zor boldum.

Görgülerim erteki,
Gör, gussamam selpedi.
Garaz, gepiñ keltesi,
Şeýtdi, mañlaý şor boldy.
***
Garaş ýene bir azajyk,
Sabryñ soñy sap altyndyr.
Göwnüñem heniz çagajyk,
Elinden tut-da galkyndyr!

Aýna bak-da goşgy oka,
Agla içiñi gowzadyp.
Öwrenişdiñ-ä hyk-çoka…
Gysdyñ dişlerñi owradyp.

Adam gutular adamdan,
Adam pälinden gutulmaz.
Hakyñ paýhasyn dadanlar,
Munda hiç-haçan utulmaz!

Aýaweri, amanatdyr,
Amanatdyr bu şirin jan.
Ýaman pikir gabahatdyr,
Goýaweri, Gülşirin jan!

Şahyr barada gysga maglumat:

Gülşirin Hanowa 1987-nji ýylyň 2-nji awgustynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginde dünýä inýär. Gülşirin 2003-nji ýylda Mary etrabynyň 5-nji orta mekdebini tamamlaýar. Onuň ilkinji goşgular toplumy entek okuwçy döwründe «Maru-Şahu-Jahan» welaýat gazetinde çap bolup başlaýar. 2014-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Medeni köpçülik çäreleriniň guramaçysy», 2019-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Medeniýeti öwreniş, mugallym» hünärlerini tamamlan ýaş şahyr özboluşly döredijilik ýoluny dowam edýär.

Gülşirin Hanowa ussat şahyr bu ýaňy okuwyny tamamlap «Maru-Şahu-Jahan» welaýat gazetinde çap edilen goşgulary bäsleşikde baýrakly oruna eýe bolýar şeýlelikde oba arçynlygyna habar gelýär "bu gyz Aşgabat şäherine gelmeli baýrak berilýär " diýip , emma Gülşiriniň ýol puly gaýgy edip näderini bilmeýär şol pursat mähriban käbesi şahyr gyzyň mamasyndan miras galan sandygyň düýbünde ýatan 6 sany jamyň 2 sini alyp arkasyndaky belligini lezbi bilen pozyp Gülşiriniň gelinejesine eltip şu jamlary alda Gülşirine Aşgabada gider ýaly ýol pulyny beräy diýip ýaş şahyry uly ynam bilen paýtagta ugradýar. Şeýlelikde ýaşajyk şahyr gyza şol wagt alyp gaýdan ýol pulynyň 20 esse köp pul baýrak berilýär. Ol bu pursady şeýle ýatlaýar men jam görsem ejem ýadyma düşýär hemde maňa bildirlen ynam ejemjanyň yhlasy ýadyma düşýär diýip belleýär.

Gülşirin Hanowa ussat şahyr biz bu zenana uly üstünlik abraý jan saglyk dileýäris.

Siziň näme aýdarsyňyz teswirde belläp bilersiňiz we göwnüňize ýarasa 👍⭐
@beghanym
30
67
cezx
16 Fewral 2024
😞😞😞
flowers_
16 Fewral 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.