Adam beýnisindäki öýjükler Britan ensiklopediýasyndan 5 esse köp maglumaty saklamaga ukyplydyr.
Adam beýnisiniň 80% suwdan durýar.
Adam beýnisi işlän mahalynda 10 wattlyk lampanyňky ýaly energiýa sarp edýär.
Nerw öýjüklerindäki signallar kelle beýnisine 270 km/sag tizlik bilen baryp ýetýär.
Adamyň saçynyň tary ortaça 3 ýyldan 7 ýyla çenli ýaşaýar.
Her gün adam bedeninde 60 -100 sany saçy düşýär.
Adamyň eliniň ortaky barmagynyň dyrnagy beýleki barmaklara seredeniňde has çalt ösýär.
Eliň barmaklarynyň dyrnaklary aýagyňka seredeniňde 4 esse çalt ösýär.
Adam organizmindäki nerw damarlarynyň uzynlygy 60000 kilometre ýetýär.
Adamyň organlarynyň arasynda diňe göz ömrüniň dowamlylygynda görnüşini üýtgetmeýär, galan organlaryň ählisi ösýär ýa-da kiçelýär.
Täze doglan çaganyň kellesi onuň umumy bedeniniň 4-den 1 bölegine deň bolýar, haçan-da ol 25 ýaşanda bu görkeziji 8-den 1-e deň bolýar.
Adam organizimindäki iň güýçli muskul bu dildir.
Bir ädim ätmek üçin adam organizmde 200 myşsa herekete gelýär.
Adam organizminde ýaşaýan bakteriýalaryň, mikroblaryň umumy agramy 2 kg çenli bolup bilýär.
Haçanda adam üsgüren mahaly dem alyş ýollaryndan bölünip çykýan howanyň tizligi 60 km/sag deň bolýar.
Adamda 500000 golaý deri mäzleri bolup olar günde 600 ml der bölüp çykarýarlar.
Adam beýnisiniň takmynan göwrümi 4 terabaýta deňdir.
Bir sagadyň dowamynda adam organizminde 600000 köne öýjükler ölýär.
Gadymy Gresiýada adamlaryň ortaça ýaşy 29 ýaş bolupdyr.
Adamyň inçe içegesiniň uzynlygy 6 kilometre deňdir.