loona_girl
15.02.2024 10:50
Üýtgemezmiş diýme ynsan oğluna,
Aýlar günler geçip ýyllar üýtgeýär.
Zat görmedik gözü düşende pula,
Nebsinden daş düşüp gullar üýygeýar.


Her kim ýaşap bilmez, bir erki bilen,
Durmuş bizi oynar müň görku bilen.
Garybyň serpaýy şol durky bilen,
Baýlara gowşurlan güller üýtgeýär.


Barlyk, baýlyk näme?
Dünýe bize ýat....
Biliňi berk guşap ýaşa adamzat.
Şan şöhrat wezipe gelip geçer zat,
Kagyza goyulan gollar üýtgeýar.


Serçäni hem gassap soýsa ýagşydyr,
Sesi gaýnap bişen adam bagşydyr.
Käriniň ussady ömrüň nagşydyr,
Çyn daýhana düşse çöller ütgeýär.
31
63
loona_girl
15 Fewral 2024
Pstuň adyny ýarym türk ýarym Türkmen goýupdyryn 🤦
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.