flowers_
15.02.2024 10:22

Psihologiýa:
Ilki diňlänimizde näme üçin halamaýarys?!!




Gündelik durmuşymyzda gabat gelýän bu ýagdaý, şübhesiz käbir adamlaryň başyna gelýän bolsa gerek?! Bu ýagdaýa «mere exposure effect» diýilýär. Ýagny gysgaça tanyşlyk ýa-da öwrenişiklilik. Bir zady ýa-da adamy näçe köp görseňiz ýa-da onuň sesini eşitseňiz, şonça-da halap başlaýarsyňyz. Bu ýagdaý hem şol täsiriň esasynda döreýändir.

Alym Robert Zajongyň 1968-nji ýylda geçiren barlaglarynyň esasynda, adamlarda deň bolmadyk käbir nyşanlaryň bardygyny görkezip, obýekt näçe köp görüldigiçe, şonça-da halanmaga başlanýar diýen netijä gelipdir.

Mysal üçin, birinji gezek diňleýän aýdymymyzy ilki halaman yzygiderli diňlemegiň netijesinde halap bileris. Aýdymy ilkinji gezek diňlänimizde: “gowy däl”, ikinji gezek diňlänimizde: “ýaman däl, boljak”, üçünji gezek diňlänimizde bolsa: “gowy” diýen ýaly sözler size tanyş bolup biler.

Bu effekt, esasan, telewizorlarda köp ulanylýar. Has takygy, kärhanalar reklamalaryny yzygiderli görkezip, harytlarynyň adamlaryň aňynda galmagyny başarýarlar. 

«TürkmenGazet».
38
250
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Fewral 2024
@flowers_, ok ✌
flowers_
15 Fewral 2024
@gm04, admin gelende tassyklaýar
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Fewral 2024
@flowers_, hmmm ol nace sagatda tassyklanya ol mn goyanyma yarum sagat bolandyr hali🙏
flowers_
15 Fewral 2024
@gm04, indi tassyklanmaly bolaýmasa señ bir postuñ bar ondada sorag ýok🤷‍♀️
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Fewral 2024
Mn postumda yazan soragymyñ jogabyny bilyan bamy🤔
Tayler
15 Fewral 2024
@gm04, salam
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Fewral 2024
@myhman, salam myhman👋
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Fewral 2024
Salam mn yene geldim👋🙇‍♂️
flowers_
15 Fewral 2024
@orhideya_, tersini barlap göreseñ, ilki ýigrenip)), aýdymam ilki halaman gör)
Tayler
15 Fewral 2024
@flowers_, dogry👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.