azatyazmuhammedow
15.02.2024 08:34
Enäniň dilegi aryşdan gaýtmazmyş,
Ýüregim ot ýanýar, suw diläý Eje.
Bir pursat uklaýyn ýadatdy durmuş,
Meni birje gezek, hüwdiläý Eje.

Çagalyk ýyllardan şirin ýatlama,
Ululykdan köp zat edipdik tama.
Gijeler ukusyz batamda gama,
Meni birje gezek hüwdiläý Eje.

Tapmadym, hiçkimden minnetsiz mähir,
Hormatym gymmatdy, arzandy gadyr.
Dertli gursagymyň dermany şudyr,
Meni birje gezek hüwdiläý Eje.
34
37
sabyrly
15 Fewral 2024
Super gowy goşgy
flowers_
15 Fewral 2024
flowers_
15 Fewral 2024
Awtory S. Sädiýewmikä?🤔, öñ okan ýaly bolup durun.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.