gokgi
14.02.2024 16:24
Adolf Gitler dünýä taryhyna giren iñ rehim-şepagatsyz diktatorlaryñ biri hökmünde taryhyñ çañly sahypalarynda öz ýerini aldy. Ikinji jahan urşy wagtynda onuñ elinden gyrlan millionlarça jöhidiñ we syganyñ syýasy edebiýatda henize çenli deñi-taýy ýok.
Ýewropanyñ gandöküşikli uruşa tarap ädime-ädim süýşip barýan 1939-njy ýylunda dünýäniñ beýleki bir ujundan gazaply diktatora hat gelipdir.
Hatyñ şolar ýaly gymmatyny artdyrýanam awtorynyñ Mahatma Gandi bolmagydyr.
Gandi onlarça ýyla çeken ganly iñlis eksplutasiýasyna garşy baş galdyryp parahatçylykly raýat rewolýusiýasynyñ arhitektory hökmünde taryhda ýerini alypdy.
Gandiniñ Gitlere ýazan hatynyñ düýp maksady uçguny Ýewropada syçrap, jümle-jahany meş'un bir geografiýada ýaýrajak urşuñ öñüni almak bolupdyr.
Gandiniñ Gitlere ýüzlenip ýazan "Gadyrdan dostum" ýaly sözleri häzir tankyt edilmegine sebäp bolýar.
Ilki bilen hata bilelikde seredip geçeliñ:
"Gadyrdan dostum!
Dostlarym adamzadyñ hakyna saña hat ýazmagymy ündeýärdiler.
Hakykatdanam menden geljek haýsydyr bir haty hetdenaşmaklyk hasap edersiñiz öýdüp, näçe haýyş etselerem razy bolmadym.
Içimdäki ses meseläniñ ähli taraplaryny göz öñüne tutup, size dostana kelamnama ýazmagy wajyp kyldy.
Adamzadyñ wagşy tebigatyny täzeden oýandyryp biljek gazaply urşuñ sizden başga öñüni alyp biljek adam ýok.
Bir zadyñ bahasy näçe gymmat bolanda-da, munuñ jogapkärçiliginiñ siziñ egniñize ýüklenmesi rowamydyr?
Uruşyñ islendik görnüşinden gaça durýan şahsyñ sözlerine gulak gerip-germejegiñi bilemok.
Saña ýazanymda sözlerim hetden aşan bolsa ötünç soraýaryn.
Mähriban dostuñ MK Gandi."
Megerem, bu hatyñ stilinde ünsi çekýän detal - Gandiniñ Gitlere ýüzlenişiniñ çynlakaýlygy bosa gerek.
Munuñ añyrsynda hakyky dostluk barmy ýa-da Gandiniñ şahsyndan gelip çykýan pozisiýa? Bu eýýäm belli däl.
Gandiniñ mundan daşgaram Gitlere ýazan bir haty bar. Ýöne bu hatlara Gitleriñ jogap berip-bermändigi näbelli.
Käbir hindi çeşmeleri bu hatlary Gitleriñ bir gezegem okamandygyny we jogap ýazmandygyny öñe sürýär.
Şeýle-de Gitleriñ iñlis we fransuz koloniýalaryny öz tarapyna çekmek boýunça syýasat ýöredendigi mälim.
Şonuñ üçinem Faşistik Germaniýanyñ şeýle syýasaty ýöredendigi görnüp durka , bu hatlaryñ jogapsyz galandygyny pikir etmek aşa sadalyk bolar.
Elbetde, biziñ häzir Gandini garalajak bolmak ýaly niýetimiz ýok.
Gandi 1948-nji ýylyñ 30-njy ýanwarynda indus jynsparazlary tarapyndan öldürildi. Üstesine indus faşistleriñ iñ uly tutaryklaryndan biri - teraktdan bary-ýogy üç gün öñ Gandiniñ asly türki sufist Şeýh Hajy Bahtyýar Kakanyñ jynsparazlar tarapyndan talanan dergähine barmagy görkezilipdi.
Bütindünýä parahatçylygynyñ simwoliki şahslarynyñ biri bolan Gandiniñ Gitlere hat ýazmak bilen düýp maksady - dünýäniñ gana çaýkalmagynyñ öñüni aljak bolmakdan başga zat däldi. Eger beýle däl bolsa, ikinji jahan urşundan soñ , ol hut Angliýanyñ öz içinde beýle goldaw we gyzyklanma tapmazdy.

Mehmet MAZLUM ÇELIK
36
182
myrataly_
14 Fewral 2024
"Kopriden gecyancan donuza daŷy diŷ" diyishleri yaly bulam "dost" diyipdirda
flowers_
14 Fewral 2024
@_Bilesigeliji, menem bilýän), soñky bapdakylary okap birazajyk düşündim öýdýän:))
flowers_
14 Fewral 2024
Onda näme üçin hindiler bu adamyny halaýalar?!🤔men-ä düşünmedim🤦‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.