la_masia
14.02.2024 12:51
5 sorag - 5 jogap
(Astronomiýa)

❓Sorag: Pasyllar näme üçin çalyşýarlar?
📌Jogap: Ekliptika tekizliginiñ asman ekwatoryna gyşyklygy sebäpli, Günüñ şöhlesiniñ düşýän gytaklygy 46 gradus 52 minut üýtgeýär. Netijede, Günüñ gytak düşýän şöhlesi we gysga gündizler Ýeriñ üstüni gyzdyryp ýetişmeýär, şol sebäpli gyş pasly ýüze çykýar.

❓Sorag: Ýeriñ içki gurluşy näçe gatlaga bölünýär?
📌Jogap: Ýeriñ içki gurluşy 4 gatlaga bölünýär: demirden we nikelden ybarat bolan radiusy 1200 kilometre ýetýän 1-nji gatlagyna Ýeriñ ýadrosy dïÿïŀÿär. Galyñlygy 2300 kilometre ýetýän ikinji gatlagyna Ýeriñ mantiýasy diýilýär. Galyñlygy 2800 kilometre ýetýän 1-nji gatlagyna mantiýanyñ üstündäki örtügi, gabygy diýilýär. 4-nji, iñ üstki gatlagynyñ galyñlygy 6-40 kilometr aralygynda ùýtgeýär, oña Ýeriñ üstki gabygy diýilýär. Ylmy dilde Ýeriñ 3 - 4-nji gatlaklaryna Ýeriñ litosferasy hem diýilýär.

❓Sorag: Gadymy Türkmenistanyñ nirelerinde obserwatoriýa bolupdyr?
📌Jogap: Türkmenistanyñ çäklerinde Köneürgençde, gadymy Merwde we Nusaýda obserwatoriýalar bolupdyr.

❓Sorag: Ýerde suw nähili döräpdir?
📌Jogap: Häzirki döwürde Ýerde suwuñ emele gelşine degişli iki hili pikir bar. Olaryñ birine görä, suw kosmosdan gelipdir. Beýlekisine görä, ol wulkanlaryñ täsiri astynda döräpdir.

❓Sorag: Mantiýa näme we onda nähili hadysalar bolup geçýär?
📌Jogap: Ýeriñ ikinji gatlagyna onuñ mantiýasy diýilýär. Mantiýadaky hereketler sebäpli, Ýer titremesi, umman daşmasy bolup geçýär. Mantiýalardan wulkanlar çogup çykýar. Netijede, Ýeriñ lotosferasy emele gelipdir diýip çak edilýär.

Size peýdaly bolan bolsa birje like❤️goýuñ:)
0
45
la_masia
14 Fewral 2024
Namcun like basyp bolanok:)
flowers_
14 Fewral 2024
Like basyp bolonak( 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.