Popuň şasy Maýkl Jeksonyň aýdymlarynyň ýarysynyň awtorlyk hukuklary “Sony” kompaniýasyna 1,2 milliard dollara satyldy. “Variety” žurnalynyň habaryna görä, şertnamanyň bahasy anyk mälim edilmese-de, onuň bahasynyň bir aýdymçynyň kolleksiýasyna tölenen iň uly möçberdigi mälim edildi. Şertnama görä, “Sony” kompaniýasy Jeksonyň aýdymlaryndan we saz katalogyndan ybarat kolleksiýanyň 50 göterimine eýeçilik eder. Şeýle hem ýapon kompaniýasy Jeksonyň “Beat it” we “Bad” ýaly meşhurlyk gazanan aýdymlary bilen bir hatarda Silwester Stýuart (Sly Stone ady bilen tanalýar), Reý Çarles, Jerri Li Lewis ýaly sungat ussatlarynyň hem aýdymlaryna eýeçilik eder. Emma Jeksonyň sahnada ýerine ýetiren Brodweý we beýleki aýdymlary muňa degişli däl. Maýkl Jeksonyň aýdym-saz katalogynyň 10 göterimine “Primary Wave Music” kompaniýasy eýeçilik edýär.
Birnäçe ýyl ozal “Sony” amerikan rok ýyldyzy Brýus Sprinstiniň kolleksiýasyny 600 million dollara satyn alypdy.
zamanturkmenistan