İndi bolsañam bir,bolmasañam bir...
Gitmäge sebäp tapypdyň şol gün..
Gelmäge bahana gözleme bu gün
İndi özgelerden parhyň ýok seniň.
İndi bolsaňam bir, bolmasaňam bir...
Bilýän sensiz aýralyga çydamok,
Sensiz men öz öýümede sygamok.
Ýöne ýanan ýüregime dözemok,
İndi bolsaňam bir,bolmasaňam bir...
Şatlygymy ýel ugruna sowurýan,
Ýüregimi otly saçda gowurýan.
Ýuwaş-ýuwaş sensizligi öwrenýän
İndi bolsaňam bir, bolmasaňam bir...
Sen goydyň kalbyma batyryp tiken,
Menem bir gül ýalnyz ýodada biten.
Men dözmedim sendiň agladyp giden.
İndi bolsaňam bir,bolmasaňam bir...
Senden aýrylmakdan gaty gorkardym,
Sen bolmasaň ähli zatdan ürkerdim.
Söýýän, köýýän diýip men kän çürkeldim.
İndi bolsaňam bir,bolmasaňam bir...
Başarsaň senem indi ýatlama,
Bagtly bol!
gussa gatma şatlygyňa.
Söýgimi ýazýan taryh gatlaryna
İndi bolsaňam bir,bolmasaňam bir...
Sen gitdiň täleýiň bagladyň başga,
Mynasyp bolup bilmediň sen, bu yşga.
Kä wagt gussalarymy geçirýän goşga....
İndi bolsaňam bir, bolmasaňam bir..