− Oglum, näme ýüzüň salyk?
− Basym baýram − Ähli aşyklar güni, ýöne men welin öz söwerime näme sowgat etjegimi bilemok. Adaty zadam beresim gelenok.
− O nähili baýram, maňa-da aýtsana.
− Men bu ýoň bolan baýram barada Ýewropada okan döwrüm bilip galdym, indi 14-nji fewral dünýä ýurtlarynyň köpüsinde bellenilýän baýrama öwrüldi. Ony belleýänler söýýän we gadyrdan adamlaryna öz eli bilen ýasan zatlaryny, gül, naz-nygmat, oýunjak, çişirilýän şar sowgat berýärler. Baýramyň nyşany: goşgy ýazylan al ýürek şekilli owadan bukjajyklar − walentinkalar keramatly Walentin güniniň özboluşly nyşany bolup galypdyr.
Aşyk-magşuklaryň 14-nji fewral güni eýerilýän däpleriň ençemesi biziň günlerimize-de ýetip gelipdir. Soňky ýyllarda aşyklar gününi bellemek esasan ýaşlaryň arasynda ýoň bolupdyr. Ozallar ol rus begzadalarynyň arasynda ýörgünli ekeni. Gyzlar göwün beren ýigidiniň paltosynyň kisesine assyrynlyk bilen atmak, ýumuş oglanyndan ibermek ýa-da elin gowşurmak niýeti bilen ýüpekden, anbar ysly guran ýa-da ter gülli «walentinkalary» ýasapdyrlar. Şeýle hem şol gün, aýratynam öýi ýetişen gyzly maşgalalarda bal guramak edähet bolupdyr. Oňa gzylara mynasyp saýylýan ýaş ýigitlerem çagyrylýan ekeni.
Kanada we Daniýa ýaly beýleki ýurtlarda söwerine guran ak güller, Germaniýada, Awstriýada we Ispaniýada – ter gyzyl güller, Fransiýada gymmatly zatlar, Ýaponiýada − şokolad heýkeljikler sowgat berilýär. Italiýada 14-nji fewral süýji tagamlar güni hasaplanylýar. Bu ýerde şol gün şokoladlarydyr beýleki süýji tagamlary sowgat bermek däp bolupdyr, söýgi hatlarynda bolsa ibereniň salgysy görkezilmeýän eken. Awstraliýada festiwallaryň ençemesi geçirilýär, olaryň mehurlygy ýylsaýyn artýar – munuň özi maşgalaň, dost-ýarlaryň, goňşularyň we kärdeşleriň bilen söýgüňi şadyýan we şowhunly paýlaşmaga ajap mümkinçilikdir.
Oglum, gaýry halklaryň däplerini ulanyp, iň eziz we söwer adamlarymyz üçin «kiçijik mähirli jady» bilen söýginiň gymmatlygyny beýan etmegiň hiç zeleli ýokmuka diýýärin.
Sen öz gürrüňiň bilen maňa gadymy bir wakany ýatlatdyň. Biziň ýurdumyzda aşyklar güni – täze baýram, şonda-da men seni begendireýin.
Ol owadan nagyş salnan sandygy açdy-da, ondan üýtgeşik bir zat: türkmenleriň halaýan daşy – hakyk gaşly altyn çaýylan ýürek şekil nagyşly bir zat çykardy.
− Seret, oglum: ine, bu ýürek şekilli tumar – maşgalamyzda apalanyp saklanýan, eneňden galan zat. Şu gün senem öz gowy görýän gyzyňa üýtgeşik sowgat edip bilersiň.
− Eje, bu ajap zat barada gürrüň bersene!
− Öňden galan bu tumara asyk diýýärler, ozallar ol gelniň lybaslarynyň arasynda iň möhüm we keramatly zat saýylypdyr. Ol başy boglan zenanlaryň saçyna dakýan ýürekşekil şaýydyr. Maňa ýanýoldaşymyň hossarlary gadymy kümüş asyk sowgat beripdiler, ýöne zenanlar öz ejeleriniň we enelerinň asyklarynam dakynýan ekeni, çünki ol maşgala gymmatlygy saýylypdyr.
− Eje, bu geň şaý barada anygrak gürrüň bersene.
− Ýürek şekil asyk är-aýalyň arasyndaky söýgi nyşany diýen yrym bar. Pederlerimiz şeýle diýipdirler: «Saçynyň ujunda ýürege meňzeş şekilli, ini-boýy bir fut kümüş toka asylýar... özem näçe uly we agyr boldugyça, şonça-da modaly hasaplanylýar».
Ozallar baş saldy däbi toýdan soňky iň gyzykly we çylşyrymly ýörelge bolupdyr- onda gyzyň başgaby gelniňkä çalşyrylypdyr. Ol türkmen toýlarynyň üýtgeşik özgeriş ýörelgesidir.
Köp adamly baş saldyda gelne dabaraly ýagdaýda täze lybas geýdirýärler we täze ýaglyk daňýarlar. Onda ýaş gelne uzak we agzibirlikde-süýjülikde ýaşamak dileg edilýän däplere eýerilipdir.
Adaty zenan baş ýaglyklary olaryň maşgala ýagdaýyny görkezipdir, gyzlaryň, guda bolnanlarynyň, toýa taýynlanýanlarynyň, ýaş gelniň we ş.m. başgaplary tapawutlanypdyr.
Saçynyň daralşy gyzlaryňkydan tapawutlylykda, gadymdan galan däbe görä, türkmen zenanlary hemişe saçyny ilden gizläpdirler. Gyzlar dört, soňky döwürlerde iki örüm saçyny açyk görkezseler-de, durmuş guran gelinler saçyny başgaby bilen basyrypdyrlar.
Özi-de iki örüm saçyny keşdeli jähek bilen garyşykly örüp, arkasyna atypdyrlar, ony saçbaglary bilen bezäp-berkidipdirler.
Ol ozalky durmuşdan täze durmuşa geçilenini aňladypdyr. Şonuň üçinem dört örüm saçyny indi maşgala bolanlygynyň nyşany hökmünde iki örüpdir. Dogumly eltisiniň elindäki başdarak gelniň saçyny çalt bölüpdir. Gyzykly ýeri, şunda gelin saç daraýşyny üýtgemejek bolan bolup, ony düýbünden örüp goýýar, diňe ýigidiň ata-enesi gyňaç ýa-da şaý berende, muňa rugsat berýär.
Zenan ömrüniň ahyryna çenli saçyny şeýle goýberip gezýär. Indi bu däbiň öňki ähmiýeti ýitip gitdi, ol esasan oba ýerlerinde azda-kände saklanyp galypdyr. Köplenç asyk – gaýyn enesiniň gelnine sowgady bolup, ol nesilden nesle geçipdir.
Türkmenleriň saç bezegleri ýönekeý bolsa-da, sazlaşykly şekilli bolupdyr, burma simli çeper nagyşly, hakyk gaşly, käte bolsa, nagyş basylan galaýylanan görnüşli bolupdyr.
Türkmenleriň asygy süýnmek ýürek şekilli, erňekleri galyň, depesindäki göniburçly «boýny» turbajyk görnüşli bolup, ondan bagjyk geçirilipdir. Onuň merkezi köplenç hakyk daşdan gaşly bolupdyr. Seýrek ýagdaýlarda lazurit ýa-da firuza daşyndan gaş salnypdyr. Käte goşa-gaşadan ýa-da üç-üçden birnäçe asyk dikligine asylypdyr. Olara «goşa asyk» diýipdirler. Asygyň şekili ilkidurmuş ýaşaýşy döwründen galan Taňry-enäniň gadymy toýun şekilinden galypdyr diýýärler.
Asyk nepis egredilen simleri goşa hatarly we olaryň arasynda egremçe görnüşli ýogyn simde guşakça ýaly sada görnüşli bolupdyr. Ony ýasamak üçin çüý kakylan tagtanyň ýüzündäki ýörüte ülňi ulanylýar. Ol deň şekil uzyn zolak ýasamaga mümkinçilik berýär.
Uly asyklaryň uzynlygy 30 santimetre ýetýär, käte ondanam uzyn bolýar, olary arkadan goýberilen saça asýarlar, kiçeňräk asyklaryň birnäçesi goşa örülen saçyň ujuna dakylýar. Şaýlaryň hersi çeper kämilligi bilen saýry gelýär, bolmasa, bir göräýmäge ol diňe saç berkitmek üçin ulanylýan ýaly görünýär.
− Oglum, biz bu tumary şol gyz gelin bolup öýe gelende oňa wepalylygyň alamaty hökmünde sowgat edäýeris. Häzirki ýaşlar asygyň çyn manysyny we ähmiýetini bilmeýär, oňa derek häzirki günlerimizde asyklary polimer toýundan, matadan, keşdeden ýasaýarlar, ony tagam taýýarlamakda we beýleki ýörelgelerde hem ulanýarlar. Sergärler owadan ýürejikler görnüşinde kümüşden gulakhalka, gülýaka we ýüzük görnüşli asyklary ýasaýarlar. Ähli aşyklar güni sen söýýän gyzyňa şol ýörgünli zatlar toplumyny sowgat edäý.
.........???