möjek_daýy🐺
13.02.2024 21:33
Seň adyňy ýatlamda bütin dünýäm elenýär
Kim günäkär diýseler, boldy durmuş günäkär,
Aýdaýyn barym size öziňiz pikir eýläň,
Şeýle boldy aýralyk boldy durmuş günäkär.

18de aldylar goramaga watany,
Mert durup ýola saldyň läläm ýazan hatyňy.
Bütin durkum garaşýar diýip beren ähtiňi,
Diýen söziňde durduň boldy durmuş günäkär.

2 ýyldan dolandym gorap eziz Watanym,
Uçup barýan seň ýanyňa saýlap seçip tutanym.
Baranymdan soňra bildim hassa ýatanyň,
Barabilmedim ýanyňa boldy adat günäkär.

1 ýyl geçdi barmadym senem ýanyma gelmediň,
Sensiz dünýäm dar görünýär Allajanym almasyn,
Beterinden beteri bar birje gezek gülmediň,
Indem alýalar Guşga boldy durmuş günäkär.

Mundan gitdik Guşga goramaga serhedi,
Diýdim Allajanym alma, alma söwer ýarymy,
Emma eden arzuwlarym mydam hasyl bolarmy,
Elden gitdi söwer ýar, boldy durmuş günäkär.

Şo gün söweşe girdik diýdiler bir ok atmaň,
Diýdim mundan söweş bormy hide ýeke ok atman.
Gyzyp gitdi çep aýagym diýdim oglanlar gaçmaň,
Özimden gidip ýykyldym bilmedim kim günäkär.

Özime gelenimde kesipdirler aýagym,
Beripdirler meň elime iki sany taýagym,
Indi men kime derkar, kimler berer söýenim,
Galdym ýeke aýakly boldy durmuş günäkär.

Öýe geldim diýdiler bolýa ölmän gelipsiň,
Diýdim men öz içimden görmesedim kül ömrüm.
Ertesi eşdip ýykyldym lälam senin öleniň,
Galdym ýarsyz hem aýaksyz boldy durmuş günäkär.

Besdir indi gutarjak men gaýgyly kyssamy,
Paýlaşsaň dost bilen paýlaş şeýle gaýgy-gussany.
Durmuşyň oýny kändir bilmez ýalňyz ýekäni.
Hiç wagt sizde bolmasyn zalym durmuş günäli.

Kera - Durmuş günäkär mp3🎤
57
77
tmyigit76
14 Fewral 2024
Mundan gitdik Guşga 👍👍
möjek_daýy🐺
13 Fewral 2024
@blackp, 👍
möjek_daýy🐺
13 Fewral 2024
@blackp, howwa gynancly yone gowy aydym
möjek_daýy🐺
13 Fewral 2024
@gùl🥀_, bolya sag aman gelsinler
möjek_daýy🐺
13 Fewral 2024
@gùl🥀_, aganmy ya soygilinmi gulluk edip yoren
möjek_daýy🐺
13 Fewral 2024
@gùl🥀_, sizem sanayazmy gunini
möjek_daýy🐺
13 Fewral 2024
@shamko, howwa kop wagt bolan
möjek_daýy🐺
13 Fewral 2024
@gùl🥀_, nesip bolsa hacan gelmeli
gùl🦋__
13 Fewral 2024
Allajan sagamanja bize gowuşdyraweri esgerlerimizi💂🏻‍♂️🥺
möjek_daýy🐺
13 Fewral 2024
Soygi shun yaly bolaysa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.