Nepalyň 18 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň kiçi boýly ýetginjek diýlip ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, Daily Mail ýazýar. Onuň boýy bary-ýogy 73 sm diýip, Day.Az belleýär.
Rekord eýesiniň ady Dor Bahadur Kapagi bolup, ol Nepalyň paýtagty Katmandu şäherine ýörite geldi. Şol ýerde emin agzalary we ýurduň hökümeti oňa özboluşly üstünligi tassyklaýan şahadatnama gowşurdylar. Şondan soň fotograflar ýetginjegi surata düşürdiler.
Doryň özi rekordyna teswir bermedi we nähili ýaşaýandygyny we boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandygyny aýtmady. KHBS-iň maglumatlaryna görä, Kapagi ýetginjekleriň arasynda iň kiçi boýly adam, ýöne Ýerde däl.
Häzirki wagtda dünýäde iň kiçi boýly adam Kolumbiýadan Edward Ernandesdir, onuň boýy 68 sm. Ol 2010-njy ýylda Ginnesiň rekodlar kitabyna girdi.
newsashgabat