la_masia
12.02.2024 08:20
5 sorag - 5 jogap
(Astronomiýa)

❓Sorag: Gidrosfera näme?
📌Jogap: Ýer ýüzüniñ suw gatlagy çeşmeler, derýalar, köller, deñizler we ummanlar - okeanlar. Ýeriñ üstüniñ, ýagny 510,2 million kwadrat kilometr meýdanynyñ 71 göterimine golaýyny ummanlar tutýar.

❓Sorag: Haýsy planeta gapdalyna gyşaryp, ýagny "ýatan" ýerinde aýlanýar?
📌Jogap: Uran planetasy. Ol gapdalyna gyşaryp, ýagny "ýatan" ýerinde öz okunyñ töwereginde 16,2 sagatda aýlanýar!

❓Sorag: Ýyldyzlar näme?
📌Jogap: Ýyldyzlar uzakdaky Günlerdir!

❓Sorag: Älemşynaslar asman jisimlerni nähili öwrenýärler?
📌Jogap: Ălemşynaslar asman jisimlerini olaryñ ýagtylyklary we spektrleri boýunça öwrenýärler!

❓Sorag: Asmanda göze görünýän näçe ýyldyz bar?
📌Jogap: Asman gümmeziniñ günorta we demirgazyk ýarymynda jemi 6000-e golaý ýyldyza dürbüsiz göz bilen gözegçilik edip bolýar!

Size peýdaly bolan bolsa birje like❤️ basyñ:)
23
25
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.