la_masia
11.02.2024 12:34
5 sorag - 5 jogap
(Astronomiýa)

❓Sorag: Türkmen döwletiniñ tugy Älem giñişligine haçan çykaryldy?
📌Jogap: Türkmen döwletiniñ tugy 2005-nji ýylyñ awgust aýynyñ 24-ine \"Dnepr\" raketa göterijisiniñ kömegi bilen Älem giñişligine çykaryldy!

❓Sorag: Dünýäniñ gurluşy barada gadymy adamlarda nähili düşünjeler bolupdyr?
📌Jogap: Gadym zamanlarda aýnadan bolan asman gümmezi bar, ýyldyzlar bolsa ondaky çyralar diýip çak edipdirler. Ýer tekiz bolup, ol üç piliñ üstünde, piller bolsa äpet pyşbaganyñ üstünde, ol bolsa öz guýrugyny iýýän ýylanyñ üstünde ýerleşýär diýip çak edipdirler. Gadymy Wawilýonda bolsa Ýer äpet dag bolup, onuñ daş-töweregini suw gurşap alýar diýip çak edipdirler!

❓Sorag: Älem baradaky ilkinji taglymaty kim döretdi?
📌Jogap: Ilkinji taglymaty Aristotel döredipdir. Onuñ taglymatyna laýyklykda hereketsiz Ýeriñ töwereginde 8 gat aýdyñ gurşawy bar. Olara Aý, Gün we ýyldyzlar berkidilen. 9-njy gurşaw bolsa ol sekiz gurşawy herekete getirýär diýip çak edipdir!

❓Sorag: Ýeriñ togalakdygy baradaky ilkinji düşünjäni kim orta atýar?
📌Jogap: Pifagor biziñ eýýamymyzdan dört asyr öñ Ýer togalak we hiç zada degmän, asmanda dur diýen pikiri orta atýar!

❓Sorag: Ilkinji gezek teleskop bilen asman jisimlerine kim gözegçilik edipdir?
📌Jogap: Asman jisimlerine ilkinji gezek teleskopyñ kömegi bilen 1609 - 1612-nji ýyllarda Galileo Galileý gözegçilik edipdir. Ol Ýupiteriñ 4 hemrasyny, Saturnyñ halkasyny, Aýyñ üstünde daglaryñ bardygyny açypdyr we Günüñ tegmillerine gözegçilik edipdir!


Size peýdaly bolan bolsa birje like❤️ basyñ:)
27
62
la_masia
11 Fewral 2024
@Di-Mentro, haa👍🏻🤭
ATOMIC
11 Fewral 2024
@ezan_production, ýere düz diýip ýörenler bar:)
la_masia
11 Fewral 2024
@Di-Mentro, düşünmedim:)
ATOMIC
11 Fewral 2024
şuwagtam düz diýip ýörenler bar😄
ATOMIC
11 Fewral 2024
Gowy👍🏻
flowers_
11 Fewral 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.