Aslynda «çaga» sözi diňe adamlara degişli. Ýöne il içinde haýwanat dünýäsine degişli jandarlaryň «çagasynyň» atlandyrylyşy känbir ýörgünli bolmandygy, kähalatda bolsa bilinmeýändigi üçin «atyň çagasy», «itiň çagasy», «pişigiň çagasy»… ýaly görnüşlerde aýdylýar. Çagalar, size eýýäm başlangyç synplarda atyň «çagasyna» – taý, taýçanak; sygryň «çagasyna» – göle; goýnuňka – guzy diýilýändigi öwredilendir. Eýsem, beýleki jandarlaryň «çagasy» nähili atlandyrylýar? Geliň, olaryň birnäçesini bilelikde öwreneliň!
Doňzuň «çagasyna» jojuk diýilýär. Itiňki – güjük; düýäňki – köşek; gulanyňky – goduk; geçiňki – owlak; keýigiňki – tokar; towugyňky, käkiligiňki, ördegiňki ýaly ýumurtgadan çykanda ýelekli bolýanlara – jüýje; eşegiňki – kürre; ýolbarsyňky – şirbeçe; aýyňky – merdek; towşanyňky – çebşek; gurbagaňky – itbalyk; pişigiňki – gijen; gumryňky, garlawajyňky, bürgüdiňki ýaly ýumurtgadan çykanda ýeleksiz bolýanlara – etene; ýylanyňky – ýylançyr; tilkiňki – ýylpyz; şagalyňky – tula; möjegiňki – üzit; tomzagyňky – toýçy diýlip atlandyrylýar.
Şeýle-de, elmydama jandarlar barada gürrüň edeniňizde olaryň «çagasy» diýmäge derek degişli atlaryny (towugyň jüýjesi, sygryň gölesi, itiň güjügi, towşanyň çebşegi, aýyň merdegi, möjegiň üzidi, şagalyň tulasy diýen ýaly) tutmaga çalşyň!