loona_girl
10.02.2024 21:06
Doňuz ýyly : 1959, 1971, 1983, 1995, 2007, 2019. ýyllary öz icine alýar. Rowayat etmeklerine görä doňuz ýylynda doglanlaryň ömür boýy päklikde ýaşamaklyklary gerekdir hapalyk bular ucin hatarlydyr. Maksada okunlygynda bulara bäsdeş tapylmaz. Bularyň dostlary az emma dostlaryny gadyrly tutýarlar. Olar ucin özlerini oda suwa urmaga tayyar. Olara syryny arkaýyn ynanmak bolar. Hiç haçan adam satmaz ýada aldajak bolmaz, Mert hemem pak adamlar. Şol wagtyň özünde sada we oran ynanjaň. Olaryň aňsat göwnüne degýärler, arasynda gepçileri hem bolyar köp geplemezler çakdan aşa bilesigelji we kop okaýarlar emma bilimini barlap görseň o diyen zehinli däldigine göz ýetirmem bolar. Olarda elmydama gowy işem pulam tapdyrýar. Oyun oynamaga ökde, ýöne oyunyň keýpini bilmeýärler. Daşyndan seretseň ýonekeý görnüşi bardyr. Olarda Erkin we gujuryny zordugyna bir bada düşünmersiň islendik işi ednlerinde, gowja oylanyp edýärler. Olaryň uzak wagtlap oylanyp durşuny görenler näme etmelidigini bilmeýandir öýüdýarler. Emma bu beyle däl. Etmeli işlerini juda gowy bilýärler, şeýdibem pursady elden bermeýärler. Doňuz ýylynda doglan aýallar sowgady we kiçijek şagalaňlary gowy görýärler. Olardan gowy hojalykçy we mährem eneler çykar. Doňuz ýylynda doglanlar towşan we goyun ýylynda doglanlar bilen maşgala gursalar gowy bolar. Bijin ýylynda doglanlar bilen durmuşy amatsyz bolar. Ýylan ýyly doglanlar bilen guran durmuşy oňa bagtsyzlyk getirer.
31
72
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.