Ýalňyzlyk
Ümsüm gijäň gussasyna gaplanyp
Ýalňyzlyga ýoldaş bolup duran men
Bu gije garañky
Örän garañky
Nehä aý görünýär
Ne-de bir ýyldyz
Diňe şool uzakda öçigsi çyra
Çalaja gyzaryp görünýär göze
Durun menem şol bir ýerde aýlanyp
Käte öñe ýöräp käwagt yza
Mähriban maşgalam hakda oýlanyp
Ýörin aýlanyp
...Ilden gelýändirsiň öýe howlygyp
Çagalañ gülüşip öñüňden çykar
-Kakaaa
- Kakaa
-Kakam gelýär diýişip
Paýtyp- puýtup edip ylgajak bolar
Ýykylmasyn diýip ylgarsyñ senem
Olardan beter
Şol pursat ulyjañ eliñden tutar
Soñra körpejäni gujagyňa alyp
Öýüñe gelersiñ şadyýan bolup.