lavinya_
10.02.2024 11:28
"Döwir-döwir" diýip käkeläp ýöris,
Ynsan ynsanlykdan çetleşip barýar,
Käte ýagşylykdan sogaby dörüp,
Ýagşy ýaman bilen sepleşip barýar.


Men-menlikden laý palçyga batanlar,
peýda arap kişä töhmet atanlar,
Namysyny gara şaýa satanlar,
İle göwni ýetmän güpleşip barýar.


Doljagyna düşünilmän pilleleň,
Görki üçin geýilýän deý selleler ,
Namazlyga sežde etsin kelleler,
Diýme "öz günäsin çöpleşip barýar".


Jinnik ýaljak açman haýryň gapysyn,
Binamyslaň giň açyldy ýakasy,
Hak söz aýtsaň ýüzüň alýar köpüsi,
Göwün ýalan söze nepleşip barýar.


Kä gyzlaň göz üçin başlary boglan,
Her gyz söweş edýär çyn bilen dogram,
Arada syn etdim gelin, boý oglan,
Körän söýgü hakda gepleşip barýar...




Awtor: Bayram Bejidow.
34
31
medik_
10 Fewral 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.