Gmail-iň Android wersiýasyndaky iň soňky täzelenme e-poçtalara jogap bermek prosesini has amatly we messenjerleriň ulanylyşyna meňzeş etdi.
Täze aýratynlyk messenjer stilindäki jogap tekst meýdanydyr. Ol e-poçtanyň aşagynda awtomatiki görnüşde peýda bolýar. Bu aýratynlyk kem-kemden Android-ulanyjylarynyň arasynda ýaýrap başlady.
Bu täzelenme e-poçta jogap bermek prosesini aňsatlaşdyrýar, ulanyjylara "eýläk-beýläk" aýlamazdan we jogap bermegiň görnüşini saýlamazdan, derrew tekst ýazmaga başlamaga mümkinçilik berýär.
Indi, “Jogap bermek”, “Hemmesine jogap bermek” we “Başgalara ugratmak” düwmelerini saýlamagyň ýerine, ulanyjylar derrew şol bir meýdanda açylan menýu arkaly öňki opsiýalary bilen täze bir ugurda jogap ýazyp bilerler.
Iň soňky täzelenmäniň e-poçtany, hakykatdanam, döwrebap we amatly edýändigini, ony WhatsApp we Telegram ýaly, meşhur messenjerleri ulanmak tejribesine ýakynlaşdyrýandygyny bellemelidiris.
tmcars