nabat_
09.02.2024 00:01
Gyzyñyzy söÿen ÿigdine beriñ


Näçe gün ÿaşaÿas diñe Hak bilÿär,

Mañlaÿ ÿazgydymyz gizlin saklanÿar.

Gör niçe ynsanlañ bagty pak gelÿär,

Gyzyñyzy söÿen ÿigdine beriñ.


Goÿ bolmasyn weşeñ-weşeñ pullary,

Besdir,halal bolsa,dürdir elleri.

Sowgat edip dursun elwan gülleri,

Gyzyñyzy söÿen ÿigdine beriñ.


Böwet bolmañ bäş günlijek bagtyna,

Pata beriñ çyksyn yşgyñ tagtyna.

Ÿetirsinler söÿgi bilen agtyga,

Gyzyñyzy söÿen ÿigdine beriñ.


Akyl satÿar diÿersiñiz köpiñiz,

Içimi aÿdaryn,diñläp gepiñiz.

Elleri çagaly kaksa gapyñyz,

Şol duÿgyny göz öñüne getiriñ,

Şonuñ üçin söÿen ÿigdine beriñ.
41
92
hajymyratt
11 Fewral 2024
Awtory:Hajymyrat Goşaýew😁 bellan bolay azap etdim😁
flowers_
9 Fewral 2024
@nabat_, 👍💗
nabat_
9 Fewral 2024
@flowers_, goşgyny halam goyaydyma yone😊😐
cezv
9 Fewral 2024
👀👀👀👀👀
nabat_
9 Fewral 2024
@atakulyyewa_humay, 😔😔😔
atakulyyewa_humay
9 Fewral 2024
Ene-ataň razylygy hem örän möhüm. Gyz söýen hem bolsa ene-atasy razy däl bolsa ,onda şol gyzam oglanam bagtly bolup bilmeýär.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.