✨️Iňlis dili irki orta asyrlarda German taýpalarynyň Britaniýa gelmegi bilen ýüze çykypdyr. Ol Beýik Britaniýanyň köp böleginiň ene dili hökmünde kabul edilýär we Britan imperiýasynyň meýdanynyň giňelmegi bilen iňlis dili Aziýa, Afrika, Demirgazyk Amerika hem-de Awstraliýa sebitlerine çenli ýaýrapdyr. Britan imperiýasyndan garaşsyzlygyny alan döwletleriň köpüsinde iňlis dili ene dili hökmünde galypdyr. Olardan: ABŞ-ny, Kanadany, Awstraliýany we Täze Zelandiýany mysal getirmek bolar.
✨️Ispan we Hytaý dillerinden soňra Iňlis dili dünýä dili hökmünde 3-nji orunda durýar. Ondan başga-da BMG-de resmi we iş dili hökmünde 6-njy orunda durýar. Iňlis dili dünýaniň 54 döwletiniň resmi dili hasaplanýar.
Iňlis dili hakynda gyzykly maglumatlar:
✨️William Şeýkspir iňlis diline 1000 sany täze söz girizipdir.
✨️Häzirki zaman iňlis dili fransuz we köne iňlis dilleriniň goşulmagyndan emele gelipdir.
✨️Iňlis dili latyn elipbiýiniň harplaryndan peýdalanýar.
✨️Her iki sagadyň dowamynda iňlis diliniň sözlügine täze söz goşulýar.
✨️Iňlis dilinde gepleýän adamlaryň sany 1,5 mlrd-a ýetýär.
✨️Iňlis elipbiýinde iň köp ulanylýan harp ,,E” harpydyr.
✨️Iňlis diliniň iň uzyn sözi 45 harpdan ybarat. ,,pneumonoultramicroscopicsilicovolcanoconiosis’’
✨️Iňlis dilinde iň gysga we gutarnykly sözlem ,, I am” – ,,Men’’ .
✨️Iňlis dilinde iň köp ulanylýan sypat ,,good’’ – ,,gowy’’ .
✨️Dünýä boýunça iň gyzykly makalalaryň 99% -mi iňlis dilinde çap edilýär.
✨️Dünýäniň ähli künjeklerinde iňlis dili daşary ýurt dili hökmünde giňden ulanylýar.