flowers_
08.02.2024 20:29
Her gün iňlis dili



▪️Iňlis dilinde “month”, “orange”, “silver”, “purple” sözleriniň kapyýalaşýan sözleri ýokdur.

▪️Terjime edilen “düýş, düýş görmek” diýmekligi aňladýan “dreamt” sözi ýeke-täk “mt” harpy bilen gutarýan sözdür.

▪️Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gepleşik dilinde ulanylýan iňlis dili nemes, latyn, fransuz dilleriniň birleşmeginden emele gelipdir.

▪️Iňlis dilinde “set” sözüniň beýleki sözlere seredende has köp kesgitlemesi bar.

▪️“Underground” sözi “und” bilen başlanýan we şol bogun bilen gutarýan ýeke-täk sözdür.

▪️Iňlis dilinde ulanylýan sözleriň sany diýseň köp bolup, ortaça her 3 sagatdan täze söz goşulýar.

▪️Ýer ýüzünde iňlis dilinde gepleýänleriň sany ortaça 1,6 mlrd deň.Iňlisçe iň uzyn bir bogunly söz “screeched”.

▪️“Tremendous, horrendous, stupendous, hazardous” diýen dört sözler “dous” bilen gutarýan ýeke-täk sözlerdir.

▪️Iňlis dilinde iň köp ulanylýan harp “e” harpydyr.

▪️Oksford sözlügine görä, iň uzyn iňlis sözi – “pneumonoultramicroscopicsilicovolcanokoniosis”.

▪️Iňlis dilinde diňe bir sözde harplar gaýtalanman ýazylýar. Ol söz 15 harpdan ybarat bolan “uncopyrightable” sözüdir.

▪️Iň köp peýdalanylýan sypat “good” we “well” sözleridir.
Belli bolşy ýaly, bu sözleriň ikisi-de “gowy” diýmekligi aňladýar.

▪️“The quick brown fox jumps over the lazy dog” diýen sözlemi iňlis diliniň elipbiýindäki ähli harplary bar bolan sözlemdir.

▪️Dünýä derejesinde çap edilýän makalalaryň, habarlaryň agramly bölegi, ýagny 98% – i iňlis dilindedir.


Gülälek SUWHANOWA.
34
34
flowers_
8 Fewral 2024
@tim_, öñki bilýän 5 sany sozumem tas unudan ekenim)
flowers_
8 Fewral 2024
@tim_, sen bilýäñã, bizä senden öwrenjek bolup yörus)
flowers_
8 Fewral 2024
@tim_, öwrenmälimi?!)
nabat_
8 Fewral 2024
👍🌟🌟😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.