Bio_girl👩‍🔬💫
08.02.2024 18:54
Ýapon dili (“Nihingo”, aýdylyşy “nihingo”, “nihöňňo”; ýap. 日本語) — Ýaponiýanyň ilatynyň milli dili bolup, dünýäde bu diliň 128 million adamdan gowrak ulanyjysy bardyr.[1] Ol ýapon günorta-günbatar adalarynyň diller maşgalasynyň agzasydyr we mundan başga-da onuň koreý-altaý diller maşgalasyna gatnaşygynyň barlygy hakynda hem aýdylýar. Grammatik we sözlük aýratynlyklary esasynda bu diliň 2 görnüşi bardyr, ýagny hyöjungo-“standart ýapon dili” we kyötsügo-“umumy ýapon dili”. Standart ýapon dili (hyöjungo) syýasy dil hökmünde 1900-nji ýyla çenli ulanylypdyr. Soňra umumy ýapon dili (kyötsügo) ulanylyşa giripdir. Ýapon diliniň kýötsügo görnüşi häzirki wagtda gürleýişde ulanylsa-da, mekdepde okuwlar, teleradio gepleşikleri we syýasy resminama işleri hyöjungo görnüşinde alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýapon dili Ýaponiýada we Ýaponiýanyň daşyndaky döwletlerde jemi 130 million adam tarapyndan ulanylýar. Ýapon dili dünýäde iň köp geplenilýän dilleriň hatarynda dokuzynjy bolup durýar. Ýapon dili ýapon ýa-da ýapon-rýukýuan dil maşgalasyna degişli bolup durýar. Ýapon dili bilen baglanşykda ençeme dil maşgalasy agzalyp geçilýär ýöne bularyň hiç birisi hem alymlar tarapyndan biragyzdan kabul edilen däldir. Ýapon dili agglutinatiw dillerden bolmak bilen birlikde bu dilde hormat bilen ýüzlenmek üçin örän köp görnüşli sözler bardyr. Bu bolsa ýapon jemgyýetiniň köp gatlaklylygy bilen düşündirilip biliner.

Ýapon dili
日本語

Gürlenilýär:Ýaponiýa
Sebit:Ýaponiýa
Jemi gürleýän sany:128.000.000
Dil maşgalasy:Altaý dilleri (?)Ýapon dilleri,Ýapon dili
Ýazylyş düzgüni:
Hiragana, Katakana, Kanji

#Wikipediya
44
58
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.