Güller - gözelligiň ganaty (liriki oýlanma)
Ýürekleri heýjana salýan türkmen ýaýlasyna begres donuny egnine atynyp, bahar geldi. Onda-da türkmen topragyny bezeýän, dürli reňkler bilen öwşün atýan türkmen baharyny diýsene! Meýdanda açylan gülälekleriň ýaşyl baldajyklaryndaky säher çygynyň damjalary birgeňsi bolup, ýüregiňi gobsundyrýar. Gülleriň atyr ysynyň tolkunlary eýýäm kebeleklere, bal arylara, dürli mör-möjeklere ýetişen ýaly. Olar wazzyldaşyp, gülden-güle gonýarlar. Bu owazlar tebigatyň ajaýyplygy bilen sazlaşyp, özboluşly durmuş mukamyny emele getirýär.
Güller... Owadan dünýäniň bezegi, gözelligiň ganaty güller. Güller öz tebigaty boýunça owadan, näzik. Iň gowy zatlara «gül ýaly» diýip, göwünler hoşlanýar. Gyzjagaz dünýä inende, näziklige, güle ýanap, Aýgül, Bägül, Çemen, Gülälek, Gülzada, Gülşat ýaly atlary dakýarlar. Gül ýaňaklaryň, gül ýüzüň, gül ýaly çagajyk, gül ýaly maşgala, gül ýaly gyz, gül ýaly gelin, gül ýaly durmuş... garaz, aňyrsyna ýetip bolmaýan gül bilen bagly deňeşdirmeler hem halkymyza adat bolup galypdyr.
Gülleri synlap durşuma, olaryň diňe bir gözelligi bilen ynsan kalbynyň bezegi bolman, eýsem adama syrdaş bolup bilýändigi barada oýlandym. Käwagt içki pikirleriňe bäs gelip bilmän, olary kimdir biri bilen paýlaşmak isläniňde, güllere gözüň düşdügi, olar saňa nazaryny dikip, ýanlaryna geleriňe garaşýan ýaly, baldajyklaryny herýana bulap ygşyldaýandyrlar. Senem olara bendi bolup, golaýyna baranyňy duýman galaýýaň. Ýapraklarydyr nowçalary nemlenip duran gülüň golaýyna baryp, olary emaý bilen sypalap, özüne tarap dartyp ysgan pursatyň derdiň ýeňlän ýaly bolýar. Bu pursatyň uzagrak dowam etmegini isleýäň. Mymyjak şemala başyny yraýan güller, göýä saňa hereketleri bilen syrdaş bolýan ýaly. Şol wagt gülleriň ynsanyň ýürek duýgularynyň ilçisidigini duýýarsyň.
...Wepanyň özi bilen ýokary okuw mekdebinde bilim alýan Gülleri sulhy alýardy, oňa söz gatasy gelýärdi, emma çekinjeňligi sebäpli dil ýaryp bilenokdy, hat-da dosty Nazar bilen hem syryny paýlaşyp bilenokdy. Ol salyhatly, edep-ekramly näzijek owadan gyzyň özüni alyp barşyny ýigit synçylygy bilen synlap oňaýýardy. Hiç kime ýüzüni galdyrman, okuwy bilen bolup ýören Güller hem Wepanyň garaýşyny duýup, ondan bir habara garaşýan mysalydy. Sebäbi ýigidiň ogryn-ogryn garaýyşlaryny duýmazlyk mümkin däldi. Wepa ýürek duýgularyny Güllere ýetirip bilmeýänligi üçin örtenýärdi, «Gyzy eliňden gidermejek bolsaň, ahyry tijenmeli-hä bolarsyň! Bolduň meň başyma utanjaň. Bu bolşuň bolanok, tijenmeli, tijenmeli» diýip, özüne gyjalat berýärdi.
Wepa bir gün «Teke bazaryna» bardy-da, dürli reňkli gülleriň içinde güle meňzäp oturan gül satýan daýzadan gülleriň iň owadanlaryndan çemen bogup bermegini haýyş etdi.
— Wah, balam, gülleriňem bir owadan däli bolarmy? Olar biri-birinden owadan ahyryn. Sen maňa aýt, ol gülleri kime niýetläp aljak, şoňa görä çemen bogaly.
— Söýýän gyzyma... — Ýüzi-gözi utançdan ýaňa dym-gyzyl bolan Wepa başga söz diýmedi.
Gülçi daýza köpi gören ekeni. Ol Wepanyň bolup durşundan onuň ýagdaýyna düşündi-de:
— Hä-ä, şeý diýsene. Ynha, şu gyzyl, ak bägüllerden çemen bogaly. Bu güller söýginiň nyşanydyr — diýip, boglan çemeni Wepanyň eline tutduryp:
— Al, balam, ýoluň açyk bolsun! – diýdi.
Gülçi daýzanyň alçaklygy Wepany dogumlandyrdy. Ol gül dessesini eline aldy-da, Gülleriň okuwdan çykjak wagtyny peýläp, bir agajyň kölegesinde duruberdi. Gapdalyndan Güller geçip gidenden soň, ýigit onuň yzyndan ýetdi-de:
— Güller, salam! Adyňa meňzeş gülleri alaý-da — diýip, çemeni gyza uzatdy. Ikisiniňem ýüz-gözleri gyzardy. Güller tolgunýanyny bildirmejek bolsa-da, sesi sandyrap çykdy:
— Sag bol! — diýip, uýalybrak Wepa seretdi. Güller sözsüz gowşurylsa-da, gözlerdäki uçgunlar kalplardan parran geçdi, gözler biri-biri bilen sessiz sözleşdi. Gülleriň kalbynda aşakdaky setirler ýaňlandy:
Ter güllerden saýlanan,
Çemenimi getirdim.
Duýgym oňa siňdirip,
Yşkym saňa ýetirdim.
Bäh, bu gülleriň gudratyna, güýjüne haýranlar galýaň! Gör-ä, olaryň ynsana söýginiň, abadançylygyň, agzybirligiň, jebisligiň, parahatçylygyň ilçileri kimin hyzmat edişlerini. Neneň, onsoň gülleri söýmejek, olary ýaran edinmejek?! Ýekeje güljagaz, bir gujak gül dessesi. Olar naşyjalygy bilen ynsan kalbyny çoýýar, mähir paýlaýar. Güller has hem zenan dünýäsiniň hemrasy, ruhy baýlygy. Baýramçylyklarda, doglan günlerde, käwagt bolsa adaty günlerde hem öz mähriban adamlaryňdan gül sowgat almak zenanyň ýüregine ylham berýär, ol özüniň gül bilen mertebelenenine buýsanýar. Güller ýakyn adamlaryň arasyna düşen sowuklygy eretmäge-de ukyply. Käte göwnüňe deglenden soň, saňa gowşurylýan ýekeje gül hem derdiňe derman bolýar. Güller diňe bir aşyklygyň, päk söýginiň nyşany bolman, olar ynsanlaryň biri-birine goýýan hormat-sylagyndan hem nyşandyr.
Güller hakda oýlananyňda, durmuşda bolup geçýän ýakymly pursatlar seriňe gelýär. Ýakyn joralarymyň biri Sadap biraz wagt adamsy bilen ara düşen sowuklyk sebäpli aýra ýaşamaly boldy. Ikisi hem ýardama mätäçdiler, menem oňardygymdan olara göwünlik berýärdim. Bir gün joramy ýanyma alyp, «Ylham» seýilgähine gezelenje gitdim. Bu barada onuň adamsyny hem ogrynça habarly etdim. Türkmen edebiýatynda öçmez yz galdyran görnükli ýazyjylarymyzyň, şahyrlarymyzyň daşdan ýasalan heýkelleri, güldanlarda sazlaşykly ekilen güller, serhowuzlardan atylyp çykýan göwün göteriji suw çüwdürimleri, olardan saza goşulyp çykýan owazlar kalbyňda süýji-süýji arzuwlary döredýärdi. Ünsüň ähli zatlardan daşda, diňe töweregiňdäki bimöçber täsinliklere maýyl bolup oturybermelidi.
Sadabyň adamsy Serdar eli ter güllerden bogulan çemenli haýdap gelýärdi. Ýüregi duýan ýaly Sadabam onuň gelýän tarapyna seretdi-de:
— A gyz, ol biziň bärdedigimizi nädip bilip ýörkä? Waý-eý, ýör, gideli-le- diýip, ýüzüni kese-kese sowan boldy. Menem zat bilmediksirän bolup:
— Sadap, aýyp dälmi gyz, öz adamyňdan gaçyp gitmek. Senem, çaga ýaly bolup bir zat tapaýýaň. Gelse, gelsin, gürleşersiňiz, düşünişersiňiz — diýdim.
Men onuň adamsy bilen ýaraşasynyň gelýändigini, ýöne aýallara mahsus bolan näz-kereşme eden bolýandygyna düşünýärdim. Onuň Serdara garaşýandygyny gürrüňlerinden aňýardym. Serdar ýanymyza gelip, salamlaşdy-da, Sadaba gül dessesini uzatdy. Ol beýlesine öwrüldi-de, gülleri almady. Turup gitjek boldy. Men «otur» diýip, yşarat etdim. Serdar Sadaba mähriban gözlerini aýlady-da:
— Sadap, meni bagyşla, al, bu güllerem saňa, ezizim! — diýdi welin, Sadap esli wagtdan bäri ýüreginde kerep baglan duýgularynyň öňünde ejizledi, aglap goýberdi. Gözlerinden paýyrdap gaýdan ýaş damjalarynyň arasyndan gül çemenine mylaýym nazaryny aýlady. Öýke-kine unudyldy. Ol gül çemenini çep eline aldy-da, Serdar bilen deň gadam urup, öýlerine tarap gitdi. Men guwanyp, olaryň yzyndan seredip galdym. Ynha, bu bolsa gülleriň gudratyndan bir parça.
Güller, güller, ajap güller! Siz hiç wagt süllermäň, solmaň. Ynsan siziň güýjüňize, gudratyňyza maýyldyr. Ynsan ýüregini siziň näzikligiňiz kuýaş kimin çoýsun. Siziň jenneti ysyňyz kalplary beýhuş etsin. Ynsan kalby hemişe güller ýaly owadan, näzik bolsun, olary hiç bir güýç syndyryp bilmesin. Ter güllerden çemen baglap, ynsanlaryň mylaýym kalplaryna güller bolup dolalyň. Şahyr aýtmyşlaýyn:
Güllere beslenýär Garaşsyz Diýar,
Güller — ýaşlyk, gözelligiň ganaty.
Gözeller hem güller goşa ýaraşyk,
Artyp barýar bu dünýäniň zynaty.
Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.