flowers_
08.02.2024 08:25

Bagt diledim – yşk berdiler.





Men bagtymy tapdym – ýatan ekeni.
Oýaryp bilmedim,
Oýarjak däldim,
(Ertiriň şerinden bolup hantama,
Gör, näçe agşamyň haýryndan galdym,
(Sogaby – sanana!)
Ýöne nämüçin,
yşk badasy gysymymda çat açýar?
Nämüçin aýralyk, namart aýralyk
sen ýanymda ýok mahalyň sataşýar?..)

Içimden gygyrdym.
Daşymdan dymdym.
Dymdygymça kalbym boldy set para.
Indi gaýdyp arzym aýtman Jepbara:

Bagt diledim – yşk berdiler,
Berdiler
düýşde çekip bilmejegmi huşumda,
Men bagtymy tapdym,
Ýatan ekeni,
Ötübilmän durun indi duşundan.




Mukam MUHAMOW.
41
97
Tayler
8 Fewral 2024
Ýatan bolsa dagy baryp.........😅🤓
manolya
8 Fewral 2024
Bagt diledim-yşk berdiler ))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.