flowers_
07.02.2024 20:05
Akyl we akyllylyk barada nakyllar.

 

1.Agyr otur, ýeňil gop.
                                                
***

2.Akmak, akyllydan ökde boljak bolup, hemişe öňe sokuljak bolar.

***

3.Akmak bilen gülüşenden, akylly bilen aglaşan ýagşy.

                                                                     ***

4.Akmak dana boladan, samsyk akylly bolan ýegdir. (W.Şekspir)
                                                          
***

5.Akmak dymsa, akylly saýylar. 

***

6.Akmak kyrk ýaşda-da akmakdyr.

***

7.Akmak öz ilinden aýyp gözlär.

***

8. Akmaga dymmaklyk – jogap. 
                                                          
***

9. Akmagyň agasy bolandan, akyllynyň inisi bol. 

***

10. Akmagyň dili aklyndan öňde.

***

11. Akyl är döwletden düşse­de, hormatdan düşmez.

                                                                     ***

12. Akylla ýalbarsaň peseler, akmaga ýalbarsaň – eseler.

***

13. Akylla yşarat.
Akylla bir söz besdir. 

***

14. Akylly adam dil öwrener.

***

15. Akylly dostuny öwer, kemakyl aýalyny, samsyk özüni.

                                                                   ***

16. Akylly oýlanýança, tentek işini bitirer.

***

17. Akyllynyň gadyry akmak ýanynda bilner.

                                                              ***

18. Bir samsyk bäş akyllyň agzyny alardar.
                                                         
***

19. Dana bir söz eşidip iki söz düşüner.

***

20. Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa, habarym ýok.

***

21. Kör hasasyn bir aldyr, iki aldyrmaz. 

                                                                  ***

22. Men gezmen, nesibäm gezer.

***

23. Mollasy köp bolsa, toklusy haram öler. 
40
116
Akram_Beshimov
7 Fewral 2024
Akmak sürer döwrany, akylly onuñ haýrany" ("2024")
diva
7 Fewral 2024
👉👍👍👍👈
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.