Abat_
07.02.2024 10:34
Giden pursadyňdaky sessiz galan dymmalarymyň içinde, ruhumyň: "meni öldüren sen bolma..." diýip seslenişleri bardy.Duýmadyň..
Hiç kimsiz galmakdan gorkýan ruhymy, şol gün sansyz köpçüligiň içinde ýitirdim.
Bir gün ölsem hem ruhumyň "ölümsiz" bolmagyny isleýän 19 ýaşly men, bugün ruhymy ýitiren jesedim bilen bu sözleri ýazýan. Gideniňden soň ýüregime esli wagt bäri ýesir alnan käbir isleglerim babatda, çak edişimden hem aşa talapkär bolanyma göz ýetirdim. Sebäbi hem "seni" (ýagny asla maňa degişli bolmadyk adamy) söýüp, hem-de ruhumyň "ölümsiz" bolmagyny islemek, isleglerimiň "çäk" diýen zatdan binesip galandygyny aňlatmaýarmy?
Göräýmäge ýönekeý söz ýaly duýulýan bu "Çäk" sözi bizi birbada köp erbetliklerden saklamak bilen bir hatarda, gör niçeme ynsanlaryň hyýallaryny gursaklarynda garradandyr. Emma men näçe islesem hemsaňa bolan duýgularyma çäk goýmagy başarmadym. Men seni söýmekde çäkden çykanymy, sensiz garşy alan günumiň säherinde "ýoklugyň ýüregime uran ajy şarpygyndan" soňra duýdum.
Şahyr aýtmyşlaýyn: "Aşa söýmekligiň hasaby-ol ynsanyň ýoklugy bilen tölener". Pikrimçe men bu söýgüniň hasabyny tölemegimiň dowamlylygy bir ömrüme gider we munuň jezasy: ikimiziň asla "biz" bolup bilmezligimiz bilen çäklener.
©Abat Ashyrgeldiyeva
36
249
Abat_
16 Fewral 2024
@tim_, salam
mandarin
12 Fewral 2024
@garlawac_, salam size gosgy bar menin postymda😁
Abat_
10 Fewral 2024
@myrataly_, bolýar
myrataly_
10 Fewral 2024
@Sunshine lady, Men bilemok
myrataly_
10 Fewral 2024
@Sunshine lady, Ezyetem lezzet beryada)
Abat_
10 Fewral 2024
@myrataly_, düşündim, ýöne beýle agyr täsirli zatlary okamak, tomaşa etmek, diňlemek meniň hobbim. Hemişede öz durmuşym bilen bagly zatlar paýlaşýan bolmazlygymam mümkin diýjek bolýan))
myrataly_
10 Fewral 2024
@Sunshine lady, Yazan zadyn tasiri has guycli bolya senem yazyan, diyjek bolyanym......
Abat_
10 Fewral 2024
@myrataly_, gowy pikir
myrataly_
10 Fewral 2024
Dogrymy aytyan shul gundeligini elime alaysam yzynada owirman goni yakaryn
Abat_
10 Fewral 2024
@garlawac_,ಥ⁠‿⁠ಥ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.