flowers_
07.02.2024 09:16
Hiç wagt gaharlanma!



«Paý­has çeş­me­si» ki­ta­byn­da­ky «Akyl — dost, ga­har — duş­man, so­ňy — puş­man», «Ada­myň ga­ha­ry — ýy­la­nyň zä­he­ri», «Ga­ha­ryn ýuw­dan ba­tyr», «Ba­şy ga­har­ly­nyň aky­ly da­ba­ny­nyň as­tyn­da», «Ga­har — şeý­tan», «Ga­har­jaň tiz gar­rar» ýa­ly na­kyl­lar ata-ba­ba­la­ry­my­zyň hiç ma­hal ga­har­lan­ma­ly däl­di­gi ha­kyn­da ne­sil­le­ri­ne eden wes­ýe­ti bo­lup dur­ýar. Ga­ha­ryň yn­san sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän zy­ýa­ny-da az-küş däl.

Adam ga­har­la­nan wag­ty de­ri tüý­le­ri­niň kök­le­ri gy­jyn­ýar-da, tö­we­re­gi­niň bo­zul­ma­gy­na elt­ýär. Bu bol­sa de­ri­de ýa­ra gör­nüş­li dü­wür­tik­le­riň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýar.

Köp ga­har­lan­mak gal­kan gör­nüş­li mä­ziň işi­ni boz­ýar. Bil­şi­miz ýa­ly, gal­kan gör­nüş­li mäz be­den­de ge­rek bo­lan ýo­duň bäş­den bir bö­le­gi­ni we T3, T4 gor­mon­la­ry­ny bö­lüp çy­kar­ýar. Bu mä­ziň we­zi­pe­si­niň bo­zul­ma­gy dür­li ke­sel­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. My­sal üçin, nerw ul­ga­my­nyň saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ne päs­gel ber­ýär, ýa­dy kü­teld­ýär, hä­si­ýe­ti üýt­ged­ýär, ru­hy has­sa­ly­ga çen­li ýe­ti­rip bil­ýär. Gan aý­la­nyş ul­ga­my­na ýe­tir­ýän zy­ýa­ny ne­ti­je­sin­de bol­sa, böw­re­güs­ti mä­ziň işi bo­zul­ýar. Bu bol­sa ýü­rek ur­gu­sy­nyň çalt­la­şyp-ha­ýal­la­ma­gy­na, ýü­re­giň ulal­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gal­kan gör­nüş­li mä­ziň işi­niň bo­zul­ma­gy iý­mit siň­di­riş ýol­la­ryn­da hem köp ke­sel­le­riň dö­re­me­gi­ne se­bäp bo­lup bil­ýär.

Ýü­rek pul­su­my­za beý­ni gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Şol se­bäp­li ga­nyň köp muk­da­ry beý­ni­niň için­den aý­la­nyp gaýd­ýar. Ga­har­la­nan wag­ty­myz­da bol­sa gan­da tok­sin kö­pel­ýär, olam beý­ni­mi­zi çalt gar­rad­ýar.

Adam ga­har­la­nan­da tol­gu­nyp de­mi-de­mi­ne ýe­te­nok we tiz-tiz dem al­ýar. Bu bol­sa öý­ken­le­ri­mi­ziň ka­da­ly iş­le­me­gi­ne päs­gel ber­ýär.



«Paý­has çeş­me­si» ki­ta­byn­da ýe­ne-de «Ga­har — gar­ra­dar, gül­ki — ýig­del­der» di­ýil­ýär. Ge­liň, gar­ra­ma­jak bo­la­lyň, el­my­da­ma gü­lüp ge­ze­liň!🙂


Aýna ÇARYÝEWA.
41
53
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.