🌟❤Dine soygi hakda ya-da soyginin ajayyp syrlary❤🌟
Söýgi däneleri
Sen maňa «Meni unudaňok gerek?» diýýärsiň. Unutmak üçin seni ýatdan çykarmak gerek. Sen hemişe ýadymda. Seni ýatlaýarkam, özümi unudýaryn, seni weli asla…
* * *
Ol sözleri aýdanyňda, derdim täzelenen ýaly bolýar. «Men seni söýýärin» diýeniňde, edil sende bolşy ýaly, meniň hem aglaberesim gelýär.
* * *
Ýüregime düşünsediň. Ýüreksiz ýaşap ýörenimi bilerdiň. Sözlerime düşünsediň, sensiz sözümiň gurudygyny bilerdiň. Eger sen maňa düşünýän bolsadyň, onda sensiz meniň bir sansyz mahlukdygymy bilerdiň. Sen maňa düşünermikäň?!.
* * *
Ýaşaýyş üznüksiz aýlanyp dur. Onuň aýlanyşy ýaly, sen hakdaky pikirlerim hem aýlanyp, ýene-de senli ýatlamalara getirýär. Ýaşaýyş—bu sen. Sen barkaň ýaşaýyş, gör, nähili gyzykly hem-de… hem-de… ýürekgysgynç.
* * *
Seniň gelmegiň üçin ýekeje gün ýeterlik, meniň garaşmagym üçin bolsa tutuş ömrüm. Sen maňa tutuş ömrümiň ýekeje gününi sowgat berip bilmezmiň?!
* * *
«Güller saňa meňzeş» diýesim gelenok. Olar seniň gözelligiňçe, mähriňçe ýok. Ýöne olar gülleriň-de sowgat berilýän başga bir „Gülüň“ bardygyny bilýärmikäler?!
* * *
Bu dünýäde iki sany hakykat bar: ol seniň barlygyň hem-de meniň saňa söýgim. Ol hakykatyň garşysyna ýene-de iki sany hakykat bar: seniň ýoklugyň hem-de men. Bu dünýäde başga-da bir hakykatyň üsti açyldy. Olam sen we men…
***
Ýüregim gysýar. Sensizlik boýnuna goýlanyndan bäri ol muny endik edindi. Boýnuma alaýyn, ol seni halapdyr. Meniň däl-de, onuň saňa bolan söýgüsini kabul et! Hawa, ýüregimdäkini…
* * *
Saňa ýazan hatlarym saňa bolan söýgimi tutuşlygyna aňlatmaýar. Olar ummandan bir damja. Ýöne damjalaryň irginsiz damyp, daşy ýaryşy ýaly, bir gün men hem seni yraryn.
* * *
Şol bir wagt, şol bir gün, şol bir zat hakynda pikir edýärin: Sen ýadyma düşýärsiň. Seni ýatlap ýa-da ýatlaman ejir çekemok. Barybir, bu maňa ýeňil düşenok. Takdyryma şeýle paý berlipdir: diňe seni ýatlaýaryn…
❤❤❤❤❤
Söýgi hekaýasy
Bir-birini biçak gowy görýän bir är-aýal bar eken. Günlerde bir gün aýal erbet bir kesele uçrapdyr. Kesel aýalyň ýüz-gözüni edil mama dişän ýaly edip, ony görkden gaçyrypdyr. Bir gün bolsa, ýaňky aýalyň adamsy işden gelýärkä ulag heläkçiligine uçrap, kör bolupdyr. Muňa garamazdan olar ýene-de bir-birini gowy görüp ýaşapdyrlar.
Wagtyň geçmegi bilen aýal keselden gutulyp bilmän, hasam beter bedroýlaşypdyr. Adamsy bolsa, ony edil öňküsi ýaly söýmegini dowam etdiripdir. Ine, onsoň ahyry bir gün aýaly aradan çykypdyr. Adamsy muňa erbet gynanypdyr. Ol aýalyny jaýlap, ýas sadakasyny sowandan soň, şäheri terk etjek bolup durka egindeşleriniň biri ýanyna gelip:
– Halypa, seniň gözüňem-ä görenok. Öň näme-de bolsa, ýanyňda aýalyň bardy, indi olam-a ýok – diýipdir. Şonda ýaňky adam şeýle jogap beripdir:
– Men kör däl. Ýöne aýalymy «Kör boldum» diýip aldamaly boldum. Sebäbi endam-jany gan-gabarçyk bolup, meniň gözüme görünmek oňa hasam agyr degjekdi. Men ony diňe owadan bolany üçin söýmändim ahyry. Men onuň mähir-muhabbetden doly ýüregine aşyk bolupdym.
Iki adam bir-birini söýende, olar hergiz aýra düşmejek bolar. Şonuň üçin hem birek-biregiň kemçiligini görmejek bolar. Görse-de, görmezlige salar. Söýýän adamyňy bagtly etmek üçin, käte kör ýaly bolmagy hem başarmak gerek.
❤❤❤❤
Dine soygi hakda ya-da soyginin ajayyp syrlary
Soygini gizlap bolmayar, ol jisimin kicijek bolejikleri yaly bir zatdyr, ony bir sozem, yerliksiz bir bakysham, kahalat, dymmaklygam pash edip biler.
Soymek diymek, oz bahbidin ucin dalde, soyyan adamyn hatyrasyna, yagshylyk etmek, mumkinciligine gora ony bagtly etmek diymekdir.
Bizi nirede soyyan bolsalar, shil biz ucin eziz ojakdyr.
Eger-de Laura Petrarkanyn ayaly bolan bolsa, onda ol butin omrune soygi hakyndaky ajayyp sonetlerini yazardymyka?
Zenanyn yuregine baryan in gysga yol rehimdarlykdyr.
Soygi bashdan ayagyna cenli shohratparazdyr we oz-ozuni soyyandir.
Gije yyldyzlara we zenanlara gozellik beryar.
Soygi yokary ahlagy bolan adama, Yer ucin Gun yaly zerurlykdyr.
Soygi mashgala onshuksyzlygyna cydamayar, baky bagtly bolmak ucin bir-birekden has gowy hasiyetleri gozlemeli.
Soygini dari-derman bilen bejerip bolmayar.
Soygi dunyadaki in naybashy ynancdyr, sebabi soyyan adam hic hili doga okamazdan soygulisi ucin dunya malyndan gecmage tayyardyr.
Ayralygyn yakynlashdyryshy yaly ashyk magshuklary hic bir zat yakynlashdyryp bilmez.
Soygi ahli duygularyn beyigidir, sebabi ol bir wagtda akylynam, yureginem, bedeninem eyeleyar.
Soygi adamlaryn ustunden hokumini yoredip bilmez, yone olary uytgedip biler.
Soygem, edil daragt mysaly, oz-ozunden osyar, bizin barlygymyzyn icinde koklerini yayradyar, koplenc gok owusyar we bizin yureklerimizin torunde gullap bashlayar.
Soyginin sheyle bir aynegi bar, misi-altyna, garyplygy-baylyga, odun ucgunjyklaryny bolsa, dure owurip gorkezyar.