Sözlemäýin gaýrylarny,
Ýokuş gördüm aýrylanmy...
Şol hakdaky duýgularmy,
Syrymy paş edip ýazýan.
Uzak gepiň mahlasyny,
Duzlap kalbyň ýahnasyny,
Geçen günleň ählisini
Görülen düýş edip ýazýan.
Geregi ýok diýmegimiň,
Sebäbi ýok söýmegimiň,
Gül keşdeli köýnegimiň
Etegni ýaş edip ýazýan.
Setirde özüm däl, meniň
Duýgulam ýaşaýar, biliň!
Hyýalda özümi şonuň
Öýünde ýaşadyp ýazýan.
Gadyrym başgadyr söze,
Ýetdiren paýdyr bu bize,
Özümi şeýle bir yza
Meýletin noş edip ýazýan.
Ogulnur Atayewa