flowers_
04.02.2024 08:46

ÇAKYLYK

🌞


«Salam, bütin ýaşaýyşyň şaýady!
Salamatmysyň?
Gudratlynyň beýikdigni bildirýän
Alamatmy sen?
Daňyň buşlukçysy, haýsy reňkdesiň?
Haýsy reňk saňa gözellik çaýýar?
Seslen!
(Men bilmek isleýän bilmesiz zady).
Kämahal asmanda bulutlar taýýar,
Basylýan.
Seniň dogjagyňa ýetse-de gözüm,
Ýitirýän özüm.
Tümlügiň içinde bolmaýyn uzak,
Basymrajyk gel-de, eliňi uzat.
Eý, nurçyrag!
Şöhleleriň çeşmesi».
Uzak gije öz ukymdan ogurlap,
Şeýdip tylla Güne çakylyk ýazdym,
Ertir ýene dogar ýaly lowurdap.


© Aýjahan ANNABAÝEWA
48
94
nabat_
4 Fewral 2024
@flowers_, nabat diyip giryan men size ID nomerini ugradayaryn
nabat_
4 Fewral 2024
@flowers_,🙁mail ulanyañyzmy gelnejemjan
nabat_
4 Fewral 2024
@flowers_, salam gelnejemjan gowmy yagdaylarynyz siz bilesigelijä giryadinizmi bir zad sorajakdym sizden🥰🤗
nabat_
4 Fewral 2024
🥰Salam gelnejemjan🤗🤗
lavinya_
4 Fewral 2024
Salam)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.