ilhano_va
04.02.2024 02:10
Seň näzik göwnüňe degmekden gorkup,
Syrym saklap gezdim şu çaka çenli.
Bu gün bolsa bire baglap ýüregim,
Saňa bir zatlary aýdasym geldi.

Gel,janym, kalbymy açaýyn saňa,
Isle-hä ýaz eçil,
Isle-de ýazgar.
Barybir gözleňden gitme ýok maňa,
Bu söýgi kalbyma ebedi ýazlar.

Ynan, kän gezdim men bir özüm söýüp,
Indi ýürek bu ahwaldan iripdir.
Düşünýärmiň, gara gözüň güldürip,
Öten agşam düýşüme-de giripsiň.

Ah, şo-ol gün diýsene,
duşupdygam biz,
Gelipdem şo-ol sözi diýmeli halat.
Ýöne ýüzüm kesä sowanym üçin,
Şol gün ýygralygma okadym nälet.

Hawa, kän oýlandym,
ölçerdim,
dökdüm,
Ýöne munu sen birjigem aňmadyň.
Wiý, ýogsa-da, näbilýärsiň diýsene,
Belki senem meňki ýaly haldasyň.

Hut şonuň üçinem giç dälkä heniz,
Bu söýgi armana dönmänkä bir gün.
Gyzgyn ýüregimi aýama alyp,
Gel, saňa bar zady bereýin gürrüň…
17
41
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.