flowers_
03.02.2024 19:14
OWADAN GÜRLEMEK BARADA DEGIŞME ÄHEŇINDE HEKAÝA.



Gadym wagtlarda medreseleriň birinde bir ussat bar eken. Ol derslerinde suhangöýlük, owadan gürlemek, sözüňi sünnäläp düşündürmegi öwreder eken. Özi hem gaty owadan, ýerlikli gürlär eken.

Bir gün ders gidip durka, talyplaryň biri çekinjeňlik bilen gürlemäge rugsat sorap şeýle diýipdir: “Eý gadyrly we zehini bilen hemmelere nusga bolan ussadym! Gyş günleriniň birinde daş-töwerek imisala wagty, edil biziň ders geçýän pursatymyzda, otagymyzyň ortasynda ýanyp duran we biziň daşynda oturyp ýylanýan ojagymyzyň, al-gyzyl bolup lowlaýan odundan galan közlerinden bir uçgunjyk uçup, aralygyň uzaklygyna we päsgelçilikleriň köplügine garamazdan, siz ýaly beýik şahsyň geýmegine mynasyp bolan, iň ussat elleriň döreden we edil şu wagt başyňyzda ýer alan, reňkleriň iň päkizesi bolan ak reňke eýe bolan owadan selläňize gonup, gonan ýerini ýakyp, edil şu wagt hem tutaşyp barýandygyny siz ýaly beýik ussadyň dersini bölüp habar berýändigim üçin ötünç soraýaryn” .

Muny eşiden owadan sözüň ussady bolan mugallym gaharyndan çym-gyzyl bolup: “Akmak, gysgaça selläň ýanýar!” diýip aýdyp bilmedinmi diýipdir"


https://turkmengazet.
34
59
kadyrowa
4 Fewral 2024
@gavi, hawa dogry😅
kadyrowa
4 Fewral 2024
@gavi, nm diyer🤔
kadyrowa
4 Fewral 2024
🤣🤣 gaty owadan manyly gurlapdiray
möjek_daýy🐺
3 Fewral 2024
😂😂😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.